Aşgabadyň taryhyna ser salyp

11 Ýanwar 2023
778

Aşgabadyň gadymyýete uzaýan nusgalyk taryhy bar. Edebiýatlarda we dürli döwürlerde çap edilen makalalarda Aşgabadyň döreýşi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Ýagny belli alymlar E.Teýle, A.A.Roslýakow, A.A.Maruşşenko, Z.Freýkin, W.B.Žmuýdan, A.Babaýew, S.G.Agajanow dagylar Aşgabadyň taryhyny anyklamaga özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Bular barada belli merhum alym Ö.Gündogdyýew «Aşgabat keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda belläp geçýär.

Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda düýbi tutulandygy hakyndaky maglumatlar ilkinji gezek A.Babaýewiň we M.Şneýeriň 1930-njy ýylda «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň XI sanynda çap eden makalasynda ýatlanyp geçilýär. Şeýle-de, 1999-njy ýylda neşir edilen «Turkmenistan segodnýa i zawtra» atly salgynamada hem Aşgabadyň 1881-nji ýylda düýbüniň tutulandygy ýatlanylýar. Ynha, ýene bir mysala ýüzleneliň: «1881-nji ýylda düýbi tutulan şähere oňa ýanaşyk obanyň — Aşgabadyň ady dakylypdyr». Aşgabadyň bu geçmişi barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda hem gyzykly maglumatlar arkaly taryhy çeşmeleriň üstüni ýetirýär.

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar