ABU-SEÝIT ARAMGÄHI

8 Dekabr 2022
813

Türkmenistanda saklanyp galan ýadygärlikleriň arasynda Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýän Abu-Seýit aramgähi özüniň taryhy-binagärçilik ähmiýeti boýunça möhüm orna eýedir. Onuň ady halk arasynda Mänebaba hökmünde hem meşhurdyr. Bu aramgäh orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly Seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyň ykdysady taýdan gülläp ösýän wagtynda gurlupdyr. Aramgäh taryhy şahs hökmünde meşhur bolan şyh Abu-Seýit ibn Abul-Haýryň (968-1049) guburynyň üstünde bina edilipdir. Şyh Abu Seýit ýaşlyk ýyllarynda oňat bilim alyp, öz ömrüni dini taglymaty öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol Gaznawylar nesilşalygynyň paýtagty bolan Gazna şäherinden gaýdyp we Merw şäheriniň şyhlarynda okuw geçipdir. Okuwyny doly ele alandan soň Abu-Seýit Mänä göçüp gelipdir, şol ýerde hem ömrüniň ahyryna çenli ýaşapdyr.

Abu-Seýit Demirgazyk Horasanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm orun tutupdyr. Onuň abraýy gaty belent bolupdyr. Hatda Seljuk döwletini esaslandyryjylar bolan Çagrybeg we Togrulbeg hem “Hökümdarlyga pata bermegi” üçin onuň ýanyna gelipdirler. Meşhur döwlet işgärleri - Seljuk soltanlary Alp Arslanyň we Mälikşanyň baş weziri Nyzam-al-Mülk hem onuň ýanyna tagzym etmäge gelip gider eken. Abu-Seýit ýogalandan soň, musulman ruhanylary onuň guburynyň töwereginde dini desgalaryň toplumyny döredipdirler. Şol guburyň üstünde bolsa, giň meşhurlyk gazanan gümmez peýda bolupdyr.

Haldurdy HAMRAÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň KAIG-nyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar