Baky ýaşaýar ady

25 Ýanwar 2023
1173

Arkadag şäherini gözel görke besleýän, dünýä ülňülerine gabat gelýän kaşaň-kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap edara binalaryny, medeni, sport desgalaryny synlanyňda, göz öňüňde çagalyk ýyllarynyň gyzykly ertekileri, ýetginjeklik döwrüniň arzuw-hyýallary biygtyýar ör-boýuna galýar. Kalbyňy telwaslandyrýan bu pursatlar adaty ýagdaý. Sebäbi bu Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň hakyky keşbi. Bu ýerde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen tanşanyňda bolsa: «Bä-ä, şüý-ä tüýs ýerine düşdi» diýeniňi duýman galýarsyň. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy, Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi... Bu şahsyýetler türkmen halkynyň guwanjy. Olaryň atlaryny ebedileşdirip, tirsegine galdyrmak sogap işleriň biri.

Özüniň gysga ömründe bitiren janaýamazakly işleri bilen halkyň ýüreginde ýer alan lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine dakylmagy buýsanç duýgusyny oýardy. Mekdepde okaýan döwürlerimizde Türkmenistandan fronta, Watan goragyna ilkinjileriň hatarynda giden Saçly Dursunowa, Dürjemal Ysmaýylowa, Amantäç Magtymowa, Nyýazgül Kulyýewa, Ýazgül Şamyradowa dagynyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenlikleri barada köp eşiderdik. Şonda türkmen zenanynyň merdanalygyna, batyrgaýlygyna baş egerdik. Zenan adyna mahsuslygyndanmy, meni Saçly Dursunowanyň familiýasy gyzyklandyrardy.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar