Daş «bägülleri»

13 Dekabr 2022
714

«Tebigata söýgi — Watana söýgi. Tebigata söýgi — gözellige söýgi». Döwürdeş žurnalistimiz Nurtäç Annamuhammedowanyň mundan 10-12 ýyl ozal ýazan makalasynda okan bu jümlelerim ýadymda hemişelik galypdyr. Çünki gursagynda Watanyna söýgi bolan her bir adamyň ony tebigatdan üzňe göz öňüne-de getirip bilmejekdigi düşnüklidir. Tebigat gözelligini suratkeş öz eseri, ene hüwdüsi, sazanda sazy, şahyr şygry, halyçy göli, daýhan alyn deri bilen wasp edýär. Çünki türkmen topragynyň şol gözelliklerini bir ýere jemleýän tebigatda näçe diýseň täsinlik bar.

Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda dagam, deňzem, gür baglyklaram, alaň-alaň gum depelerem, sähralyklaram bar. Şol gum depeleriniň arasynda zähmetiň gaýnap-joşýandygy bolsa hemmämize mälimdir. Altyn ýaly lowurdap, haly düşelen ýaly egin-egin bolup ýatan belentli-pesli gum depeleriniň arasynda ene ýeriň teýinden zer öndürýän nebitgaz ýataklarynyň burawlary ho-ol uzaklardanam görünýär. Ine, şol çäge üýşmekleriniň arasynda dörän dag welin, ilkibada her kimi-de geň galdyrýar. Daglar, esasan, gaty, takyr ýa-da daşly ýerlerde döränsoň, bu hakykaty gözi bilen görmäge barýanlaryňam yzy üzülenok.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar