"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

El hünäri il gezer

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde «El hünäri il gezer» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan welaýatymyzdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyryna dürli mekdeplerden milli el işleri bilen gyzyklanýan ýaşlar gatnaşdy. Ýaş nesillerde halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärine söýgi döretmek we milli gymmatlyklarymyza buýsanjy artdyrmak, şeýle-de olaryň «halypa-şägirtlik» ýörelgesine eýermegini gazanmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Onuň dowamynda okuwçy gyzlar ukybyna görä, el işleriniň bir görnüşini ýerine ýetirdiler we ony wasp etdiler, «halypa-şägirtlik» ýörelgesine eýerip, halypasy barada gürrüň berdiler.

Welaýatymyzyň iň eýjejik gyzjagazlary

Ýurdumyzyň 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry bagtyýar nesliň özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüldi. Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde bolan bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynda birinji we ikinji orunlary eýelän enaýyja gyzjagazlar gatnaşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan guramaçylykly ýagdaýda geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry okuwçy gyzjagazlara sungat babatdaky ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilik berdi. Şeýle bolansoň, bäsleşigiň dowamynda medeni ojagyň toý öwüşginine giren sahnasyny olaryň şadyýan çykyşlary bezedi.

Diňe ene hakynda

Enelik — ähli söýgüleriň başlaýan hem-de şol ýerde soňlanýan ýeridir. Robert Browniň.

Dalaşgärleriň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyklary başlandy

AŞGABAT, 10-njy mart (TDH). Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir.

Maşgala — baş gala

Halkymyzyň durmuşynda maşgala gymmatlyklaryna uly orun degişlidir. «Maşgala — baş gala» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Adamyň durmuşdaky üstünligi, her bir şowly ädimi, arzuw-islegi maşgalasy bilen belli bir derejede baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala gymmatlyklaryna, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda her bir maşgalanyň mizemezligini üpjün etmek, maşgala gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek, ony berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki maşgala bitewüligi döwletiň geljegidir, onda döwleti dolandyrjak, gorajak we ösdürjek ýaş nesil kemala gelýär. Her bir maşgala döwletiň bir sütünidir. Döwlet birnäçe maşgalalaryň birikmeginden emele gelýär.

Bagtyýar zaman, belent mertebe

Merdana pederlerimiziň zenanlarymyza hormat-sarpa goýmak, ýüzümiziň tuwagy saýylýan gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi bilen garamak ýaly nusgalyk däbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen bu asylly däbine Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynda hem möhüm ähmiýet berilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly işleri bitirýän zenanlarymyz döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň zenanlary üçin hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri gymmatly gollanmadyr. Ajaýyp eserden ylham alýan bagtyýar zenanlar kitapda beýan edilen rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary öz durmuşlarynda ýörelge edinýärler. Çünki ösüp gelýän ýaş nesillerimizde däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize hormat-sarpany, Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine söýgi-buýsanjy artdyrmakda olaryň örän uly ähmiýeti bardyr.

Ak ýollar hemişe asuda bolsun!

Serdar şäher häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölüminiň, Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi. «Arkadagyň ak ýollary abadan» ady bilen şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-ündew maslahatyna edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri gatnaşdylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda ilimiziň abadan, ýollarymyzyň asuda bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler her bir maşgalanyň bagtyýarlygy barada edilýän aladadan gözbaş alýar. 

Deňizleriň simfoniýasy

Şeýle at berlen äpet gäminiň uzynlygy 362 metrden, ini 60 metrden, beýikligi 72,5 metrden ybaratdyr. Ol uly bolmadyk ýüzýän şäheri ýadyňa salýar. 9 müň adam ýerleşýän gämide innowasion tehnologiýalar esasynda ähli amatlyklar üpjün edilendir. Birnäçe howuz, spa we fitnes-merkezleri, ylgaw, golf meýdançalary, amfiteatr, uly akwapark we beýlekiler bar. Gämide 20 sany restoran bolup, 45 ýurtdan gelen aşpezler dürli halklaryň tagamlaryny ýolagçylara hödürleýärler. Gämide ýüregiň gysjak gümany ýok. Şonuň üçinem ýolagçylaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulypdyr: merkezi seýilgähde dynç alyp bolýar, sport görnüşleri bilen meşgullanmaga, buzda typmaga, beýik emeli daga çykmaga mümkinçilik bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň deňizde syýahatçylyk boýunça kompaniýasyna degişli bolan «Deňizleriň simfoniýasy» atly äpet gäminiň agramy 230 müň tonna golaýdyr.

Adam hak­da ala­da

Jemgyýetçilik guramalarynda

Öz käriniň ussady Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň iş şertlerini gowulandyryp, hünär derejelerini artdyrmak maksady bilen guralýan dürli bäsleşikleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň bilelikde guran «Öz käriniň ussady» atly hünär bäsleşigi-de şolaryň biridir. Oňa welaýat Jemagat hojalygy birleşigine degişli edara-guramalarda asylly zähmet çekýän, öz wezipelerini we borçlaryny gowy bilýän işgärler gatnaşdylar. Olar öz iş şertleri bilen baglanyşykly zähmeti goramaga we tehniki howpsuzlygyna, ýangyn howpsuzlygyna, ilkinji lukmançylyk kömeginiň berlişine degişli ýörite taýýarlanylan sowallara jogap berdiler we tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirdiler.

Ynsanperwer ýörelgä sarpa

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň gelip çykyşynyň sebäplerine seretsek, olaryň uzak ýyllaryň dowamynda has kämilleşendigini maglumatlar aýan edýär. Parahatçylyk söýüjilik mähriban halkymyzyň durmuşynda baky orun tutupdyr. Ýaragyň ýerine öz dutary bilen uly meseläni parahatçylykly çözen Şükür bagşy aýdym-saz sungatynyň gudratyny dünýä äşgär edýär. Halkymyz ula-kiçä hormat goýup, ýaşululara sala salyp, her bir işi maslahatly çözüp, paýhasly ýörelgelere eýerýän millet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenleriň asyrlarboýy parahatçylyk söýüji millet bolandygy, goňşy we beýleki halklar bilen agzybir, dostlukly gatnaşyklary saklandygy birnäçe taryhy eserler bilen birlikde, türkmen halk döredijilik eserlerinde hem görmek bolýar. Goňşy ýurtlar bilen alnyp barylýan ykdysady, syýasy hem medeni gatnaşyklar arkaly halk döredijilik eserleri birek-birege geçýär, ruhy baýlyklaryň has giňelmegine sebäp bolýar. «Görogly» şadessanynda Jygalybegiň Röwşene «Şat bol il-halkyň görende, sözün al geňeş berende» diýip maslahat bermeginiň uly many-mazmuny bar. Taryhda türkmen döwletleri dünýäniň birnäçe ýurtlary bilen hoşmeýilli gatnaşyklary ösdüripdir.

Eýjejik gyzjagazlar bäsleşdiler

Golaýda welaýat medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2—4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry boldy. Oňa etrapdyr şäherlerde ýeňiji bolan gyzjagazlaryň 21-si gatnaşdy. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik ýylyň-ýylyna ajaýyp röwşe eýe bolýar. Zehinli gyzjagazlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan tutumly işleri, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde, milli lybaslarymyzy geýip, olary şahyrana wasp etmekde bäsleşdiler. Çagalaryň aýdan aýdymlary, ýerine ýetiren joşgunly tanslary, päk kalplaryndan çykýan buýsançly sözleri Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy. Şonuň ýaly-da bäsdeş gyzjagazlar ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän jorap örmek, jähek salmak, alaja işmek ýaly milli el işlerini ýerine ýetirmekde-de bäsleşdiler.

Paýtagtymyzda bahar joşguny

Togsan dolup, ýere ýyly gitmegi bilen, ýagyn-ýagmyrly, nur-berekede beslenip, pasyllaryň soltany baharyň ülkämize gözellik şuglasyny çaýmagy ene topragy ýaşyl lybasa büredi. Mähriban Watanymyzda al-elwan güller tolkun atyp, hoştap ysyny töwerege bolluk bilen ýaýradýar. Gülläp gelen baharyň buşlukçysy baglaryň öňküden has-da ir ýapraklap, gülläp başlamagy ýylymyzyň bereketli boljakdygyndan nyşandyr. Şu günler säher bilen şadyýan saýraşýan guşlaryň, bilbilleriň hoş owazynyň astynda paýtagtymyzyň mylaýym howaly döwrebap seýilgählerinde, şaýollarymyzyň ugurlarynda, bagy-bossanlyklarda gezelenç edip, ak şäherimiziň binagärlik dürdänelerini, tebigatyň özboluşly gözelliklerini synlaýan ildeşlerimizi göreniňde buýsanjyň goşalanýar. Ynsan kalby hemişe gözellik dünýäsine, täsinlige teşne. Türkmen tebigatynda bolsa täsin köpöwüşginli gözellikler jemlenýär, şoňa görä-de, her bir maşgala bahar paslynda uly höwes bilen gezelenje çykýar, älemgoşar öwüşginli bahar gözelliklerinden ruhy güýç, ylham alýar. Ter bägülleriň açylyp, baharyň joşýan pursatlarynda bagy-bossanlyga bürenip oturan ýurdumyzyň baş şäherini görmäge göz gerek. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şaýollardyr köçeleriň iki ýan tarapynyň, şeýle hem ak mermerli binalarynyň daş-töwe

Okuw ýygyny geçirildi

Ýakynda welaýat häkimliginde etrap, şäher häkimlikleriniň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparlarynyň, dolandyryş merkezleriniň hem-de guramaçylykly göçüriş toparlarynyň başlyklary bilen okuw ýygyny geçirildi. Ol raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar çygryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň talaplarynyň hem-de welaýat häkiminiň tassyklan «2021-nji okuw ýylynda welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň okuw kursunda raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralaryň hem-de raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylarynyň sanawynyň» esasynda guraldy. Ilaty raýat goranyşyna taýýarlamak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olaryň ilata we hojalygy ýörediji desgalara ýetirip biljek zyýanlaryny aradan aýyrmak, welaýaty raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralan okuw ýygynyna gatnaşanlara «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan hem-de beýleki degişli kanunlardan we kararlardan gelip çykýan wezipeler düşündirildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy. Bellige alnan dalaşgärleriň 16-sy welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary, 95-si etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenildi, ýurdumyzda dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleriň 55-si geçirildi.

Iki aýlyk dowam edýär

IL BÄHBITLI IŞLER Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýlarynda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini ýokary derejede guramak biziň welaýatymyzda hem ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň tebigy gözelliginiň has-da artdyrylmagyny gazanmak baradaky parasatly ýörelgeleriniň giňden goldanylmagynyň, olaryň oňat netijeleri bermeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda 30 million düýp bag nahallaryny ekmek barada kabul eden Karary has-da buýsandyryjy waka boldy.

­Milli kanunçylygymyzda halkara hukugynyň ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň öňe gitmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň dünýäde ýene bir gezek ykrar edilmegine ýardam edýär. Halkyň öz ösüşini milli gymmatlyklary, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyklykda amala aşyrmaga erk-islegi we döwletiň ony hemmetaraplaýyn goldaw-gorag bilen gurşamagy Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ulgamlaýyn binýadyny düzýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýandygy, kepillendirýändigi hemmelere mälimdir. Bu konstitusion kadalar adam hukuklary baradaky umumy ykrar edilen halkara hukuklarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň durmuşdaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Halkara hukugynyň deňhukukly agzasy hökmünde biziň döwletimiz umumy ykrar edilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyň berk hukuk binýadyny döretdi. Türkmenistan adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegi üçin ad

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2021»

ŞADYÝAN BÄSLEŞIK Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşiginiň welaýatymyzda geçirilen deslapky tapgyrlary ýokary işjeňlige eýe boldy.

Ýagşy gylykly adam

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda borçnama boýunça harby gullugy geçýän starşina Nurgeldi Amannazarowy tanaýan adamlaryň hemmesi onuň adyny aýratyn hormat bilen tutýar. Aslynda ol şeýle hormata öz ýagşy gylyk-häsiýetleri, ýokary iş başarjaňlygy bilen eýe bolýar. Men onuň bilen işe ilkinji gelen günüm tanyş boldum. Ilkinji iş günüm bolandygy sebäpli, işe irräk barmak maksady bilen, howlugyp öýden çykanym hem şoldy welin, starşina Amannazarowa pete-pet gabat geläýmenmi?! Salamdan soň, ol maňa degişme üsti bilen öňden tanyş ýaly: «Ýör, inim, gitseň, ýanymda bir adamlyk ýer-ä bar?!» diýip ýüzlendi. «Beýle bolsa, meni özüňize ýoldaş ediniň» diýip, men hem oňa edil öz äheňinde degişme gatyşykly jogap berdim. Awtobus duralgasyna ýetýänçäk, biziň gürrüňimiz alşyp gitdi. Şol iki aralykda men oňa şu günüň, ilkinji iş günümdiginem aýtdym. Ol maňa işimde üstünlik arzuw edip, iş ýerimize barýançak Döwlet serhediniň aýratynlyklary hakynda köp zatlary gürrüň berdi. Men bolsa onuň täsirli gürrüňini bütin durkum bilen gulaga öwrülip diňledim. Edara binamyza girenimize mähetdel, gabatlaşan harby gullukçylarymyzyň ählisi starşina Amannazarowa biragyzdan, bir adam ýaly hormat bilen salam berdi. Meniň geňirgenenimi işdeş ýoldaşymyz, atdaşym starşina Myra

Milli demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda adamyň hukuklary we azatlyklary kanun arkaly berkidilendir. Çünki, ata Watanymyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Kanunlar döwür, durmuş bilen aýakdaş ösmeli, kämilleşmelidir. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda öňe barýan Watanymyzda halkyň bähbitlerinden, erk-isleglerinden ugur alynýan kanunlaryň binýady berk bolar. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar milli demokratiýanyň dabaralanyp, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.