Bagtyýar zaman, belent mertebe

10 Mart 2021
745

Merdana pederlerimiziň zenanlarymyza hormat-sarpa goýmak, ýüzümiziň tuwagy saýylýan gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi bilen garamak ýaly nusgalyk däbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen bu asylly däbine Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynda hem möhüm ähmiýet berilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly işleri bitirýän zenanlarymyz döwletimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň zenanlary üçin hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri gymmatly gollanmadyr. Ajaýyp eserden ylham alýan bagtyýar zenanlar kitapda beýan edilen rowaýatlary, tymsallary, hekaýatlary öz durmuşlarynda ýörelge edinýärler. Çünki ösüp gelýän ýaş nesillerimizde däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize hormat-sarpany, Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine söýgi-buýsanjy artdyrmakda olaryň örän uly ähmiýeti bardyr.

Bibijan NURMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar