Deňizleriň simfoniýasy

10 Mart 2021
832

Şeýle at berlen äpet gäminiň uzynlygy 362 metrden, ini 60 metrden, beýikligi 72,5 metrden ybaratdyr. Ol uly bolmadyk ýüzýän şäheri ýadyňa salýar. 9 müň adam ýerleşýän gämide innowasion tehnologiýalar esasynda ähli amatlyklar üpjün edilendir. Birnäçe howuz, spa we fitnes-merkezleri, ylgaw, golf meýdançalary, amfiteatr, uly akwapark we beýlekiler bar. Gämide 20 sany restoran bolup, 45 ýurtdan gelen aşpezler dürli halklaryň tagamlaryny ýolagçylara hödürleýärler. Gämide ýüregiň gysjak gümany ýok. Şonuň üçinem ýolagçylaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulypdyr: merkezi seýilgähde dynç alyp bolýar, sport görnüşleri bilen meşgullanmaga, buzda typmaga, beýik emeli daga çykmaga mümkinçilik bar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň deňizde syýahatçylyk boýunça kompaniýasyna degişli bolan «Deňizleriň simfoniýasy» atly äpet gäminiň agramy 230 müň tonna golaýdyr.

Beýleki habarlar