El hünäri il gezer

11 Mart 2021
767

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde «El hünäri il gezer» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan welaýatymyzdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň etrap tapgyryna dürli mekdeplerden milli el işleri bilen gyzyklanýan ýaşlar gatnaşdy.

Ýaş nesillerde halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärine söýgi döretmek we milli gymmatlyklarymyza buýsanjy artdyrmak, şeýle-de olaryň «halypa-şägirtlik» ýörelgesine eýermegini gazanmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Onuň dowamynda okuwçy gyzlar ukybyna görä, el işleriniň bir görnüşini ýerine ýetirdiler we ony wasp etdiler, «halypa-şägirtlik» ýörelgesine eýerip, halypasy barada gürrüň berdiler.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar