Ýagşy gylykly adam

10 Mart 2021
1156

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda borçnama boýunça harby gullugy geçýän starşina Nurgeldi Amannazarowy tanaýan adamlaryň hemmesi onuň adyny aýratyn hormat bilen tutýar. Aslynda ol şeýle hormata öz ýagşy gylyk-häsiýetleri, ýokary iş başarjaňlygy bilen eýe bolýar. Men onuň bilen işe ilkinji gelen günüm tanyş boldum. Ilkinji iş günüm bolandygy sebäpli, işe irräk barmak maksady bilen, howlugyp öýden çykanym hem şoldy welin, starşina Amannazarowa pete-pet gabat geläýmenmi?! Salamdan soň, ol maňa degişme üsti bilen öňden tanyş ýaly: «Ýör, inim, gitseň, ýanymda bir adamlyk ýer-ä bar?!» diýip ýüzlendi. «Beýle bolsa, meni özüňize ýoldaş ediniň» diýip, men hem oňa edil öz äheňinde degişme gatyşykly jogap berdim. Awtobus duralgasyna ýetýänçäk, biziň gürrüňimiz alşyp gitdi. Şol iki aralykda men oňa şu günüň, ilkinji iş günümdiginem aýtdym. Ol maňa işimde üstünlik arzuw edip, iş ýerimize barýançak Döwlet serhediniň aýratynlyklary hakynda köp zatlary gürrüň berdi. Men bolsa onuň täsirli gürrüňini bütin durkum bilen gulaga öwrülip diňledim.

Edara binamyza girenimize mähetdel, gabatlaşan harby gullukçylarymyzyň ählisi starşina Amannazarowa biragyzdan, bir adam ýaly hormat bilen salam berdi. Meniň geňirgenenimi işdeş ýoldaşymyz, atdaşym starşina Myrat Töräýew aňdy-da: «Ýoldaş starşina biziň hemmämiziň görelde mekdebimiz. Ol geljekde seniň üçinem şeýle bolar. Onuň harby käre ýaňy gadam basanlara halypalyk goldawyny berşi örän aýratyn. Heniz onuň ýanyna maslahat sorap gelenleriň yzyna boş gaýdany ýok» diýip, starşina Amannazarow hakda buýsanç bilen gürrüň berdi.

Myratgeldi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, starşina.
Beýleki habarlar