­Milli kanunçylygymyzda halkara hukugynyň ýörelgeleri

10 Mart 2021
794

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň öňe gitmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň dünýäde ýene bir gezek ykrar edilmegine ýardam edýär. Halkyň öz ösüşini milli gymmatlyklary, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyklykda amala aşyrmaga erk-islegi we döwletiň ony hemmetaraplaýyn goldaw-gorag bilen gurşamagy Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ulgamlaýyn binýadyny düzýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýandygy, kepillendirýändigi hemmelere mälimdir. Bu konstitusion kadalar adam hukuklary baradaky umumy ykrar edilen halkara hukuklarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň durmuşdaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Halkara hukugynyň deňhukukly agzasy hökmünde biziň döwletimiz umumy ykrar edilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyň berk hukuk binýadyny döretdi. Türkmenistan adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegi üçin adam hukuklary çygryndaky birnäçe halkara konwensiýalaryny tassyklady.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar