Welaýatymyzyň iň eýjejik gyzjagazlary

11 Mart 2021
898

Ýurdumyzyň 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry bagtyýar nesliň özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüldi. Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde bolan bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynda birinji we ikinji orunlary eýelän enaýyja gyzjagazlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan guramaçylykly ýagdaýda geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry okuwçy gyzjagazlara sungat babatdaky ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilik berdi. Şeýle bolansoň, bäsleşigiň dowamynda medeni ojagyň toý öwüşginine giren sahnasyny olaryň şadyýan çykyşlary bezedi.

Oguljemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar