Paýtagtymyzda bahar joşguny

10 Mart 2021
1053

Togsan dolup, ýere ýyly gitmegi bilen, ýagyn-ýagmyrly, nur-berekede beslenip, pasyllaryň soltany baharyň ülkämize gözellik şuglasyny çaýmagy ene topragy ýaşyl lybasa büredi. Mähriban Watanymyzda al-elwan güller tolkun atyp, hoştap ysyny töwerege bolluk bilen ýaýradýar.

Gülläp gelen baharyň buşlukçysy baglaryň öňküden has-da ir ýapraklap, gülläp başlamagy ýylymyzyň bereketli boljakdygyndan nyşandyr. Şu günler säher bilen şadyýan saýraşýan guşlaryň, bilbilleriň hoş owazynyň astynda paýtagtymyzyň mylaýym howaly döwrebap seýilgählerinde, şaýollarymyzyň ugurlarynda, bagy-bossanlyklarda gezelenç edip, ak şäherimiziň binagärlik dürdänelerini, tebigatyň özboluşly gözelliklerini synlaýan ildeşlerimizi göreniňde buýsanjyň goşalanýar. Ynsan kalby hemişe gözellik dünýäsine, täsinlige teşne. Türkmen tebigatynda bolsa täsin köpöwüşginli gözellikler jemlenýär, şoňa görä-de, her bir maşgala bahar paslynda uly höwes bilen gezelenje çykýar, älemgoşar öwüşginli bahar gözelliklerinden ruhy güýç, ylham alýar. Ter bägülleriň açylyp, baharyň joşýan pursatlarynda bagy-bossanlyga bürenip oturan ýurdumyzyň baş şäherini görmäge göz gerek. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şaýollardyr köçeleriň iki ýan tarapynyň, şeýle hem ak mermerli binalarynyň daş-töwereginiň lälezarlygy älemgoşary ýadyňa salýar. Asmana owsun atýan suw çüwdürimleri tylla öwüşginlere beslenip, zer damjalaryny töwerege bolluk bilen seçeläp, özboluşly gözellik döredýär. Bu ajaýyp pursatlarda dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, rowaçlygyň gülläp ösýän mekany hökmünde ykrar edilen, bütin durky bilen aklyga, päklige, gözellik dünýäsine beslenip oturan ak şäherimiz bagtyýarlyk mukamy bolup kalplarda orun tutýar.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar