Ak ýollar hemişe asuda bolsun!

10 Mart 2021
879

Serdar şäher häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölüminiň, Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi. «Arkadagyň ak ýollary abadan» ady bilen şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-ündew maslahatyna edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri gatnaşdylar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda ilimiziň abadan, ýollarymyzyň asuda bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler her bir maşgalanyň bagtyýarlygy barada edilýän aladadan gözbaş alýar. 

Laçyn BEGZADAÝEWA,
TMÝG-niň Serdar şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar