Iki aýlyk dowam edýär

10 Mart 2021
768

IL BÄHBITLI IŞLER

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýlarynda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini ýokary derejede guramak biziň welaýatymyzda hem ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň tebigy gözelliginiň has-da artdyrylmagyny gazanmak baradaky parasatly ýörelgeleriniň giňden goldanylmagynyň, olaryň oňat netijeleri bermeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda 30 million düýp bag nahallaryny ekmek barada kabul eden Karary has-da buýsandyryjy waka boldy.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar