Okuw ýygyny geçirildi

10 Mart 2021
1013

Ýakynda welaýat häkimliginde etrap, şäher häkimlikleriniň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparlarynyň, dolandyryş merkezleriniň hem-de guramaçylykly göçüriş toparlarynyň başlyklary bilen okuw ýygyny geçirildi. Ol raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar çygryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň talaplarynyň hem-de welaýat häkiminiň tassyklan «2021-nji okuw ýylynda welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň okuw kursunda raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralaryň hem-de raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylarynyň sanawynyň» esasynda guraldy.

Ilaty raýat goranyşyna taýýarlamak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, olaryň ilata we hojalygy ýörediji desgalara ýetirip biljek zyýanlaryny aradan aýyrmak, welaýaty raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guralan okuw ýygynyna gatnaşanlara «Raýat goranyşy hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan hem-de beýleki degişli kanunlardan we kararlardan gelip çykýan wezipeler düşündirildi.

Aýna ÖWEZOWA,
welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, kapitan.
Beýleki habarlar