"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin- -eşikleri geýmeli.

Saglygym — baýlygym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamynda-da ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ak ýektaýly lukmanlar irginsiz zähmet çekip, ynsan saglygyny goramakda netijeli işleri alyp barýarlar. Şeýle lukmanlaryň biri hem Mary şäherindäki 32-nji orta mekdepde işleýän diş lukmany Pälwan Atajanowdyr. Ýaş lukman özüne berkidilen mekdepde ýaş nesilleriň dişlerini bejermekde yhlasly zähmet çekýär. Pälwan lukman okuwçy ýaşlara gowy bejergi berip, olaryň ýüzleriniň gülüp durmagyny gazanýar. Ýaşlara dişlerini wagtly-wagtynda ýuwup, arassa saklanlarynda dişleriň berk hem sagdyn bolýangyny nygtaýar.

Sagdyn durmuşa eýereliň!

Abadan ýaşaýyş özümize bagly Bagtyýarlyk zamanamyzda Gahryman Prezidentimiziň halkymyzyň gowy günlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrundaky tagallalary gowy netijesinem berýär. Şeýle wezipeleriň birem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmekdir. Neşekeşlige, zyýanly endiklere garşy göreş giň gerime eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde neşekeşligiň öňüni almakda uly üstünlikler gazanyldy. Şeýle-de bolsa, bu meselede entek edilmeli işler köp.

Ippoterapiýa

Häzirki döwürde ippoterapiýa dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Bu ugry ösdürmek üçin behişdi bedewlerimiziň mekany bolan ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. «Ippoterapiýa» grek sözi bolup, ol at münmek we olar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly dürli keselleri bejermek diýmegi aňladýar. Ynsan saglygy üçin at münmegiň peýdasy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Häzirki döwürde at münmek diňe bir gyzykly we täsin wagt geçirmek hökmünde däl-de, eýsem beden we psihiki taýdan saglyga örän peýdaly bejeriş usuly hökmünde durmuşa giňden ornaşdyryldy. atlar bilen ilkinji gezek gatnaşykda bolýanlar tälimçini ünsli diňläp, görkezmäni dogry berjaý etmelidir. Atlar adamlary örän gowy duýýarlar. Ippoterapiýa merkezinde ähli atlar ýuwaş, syzgyr häsiýetli bolup, olara ýörite tälim berlendir. Şonda-da at münmegiň elmydama bellibir töwekgelçilik bilen baglanyşyklydygyny unutmaly däldir. Bu merkezlerde howpsuzlyk çärelerini yzygiderli berjaý etmek bilen, ýüze çykyp biläýjek dürli töwekgelçilikleriň öňi alynýar. Ippoterapiýa bilen bejergi usuly, esasan, ysmazlyk, ýürek-damar ulgamynyň keselleri, I we II derejeli oňurga gyşarmalary, osteohondroz, süňkleriň dogabitdi gowşaklygy, gemofiliýa, agyr ruhy bozulmalar ýaly keselleri bejermekde maslahat berilýär. Bu bejergi görnü

Saglyk — uly baýlyk

Geliň, saglygymyzy goralyň!

Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda Güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän gök ekinlerden doly bolýar. Tomus paslynda ol önümleriň bolçulygy has-da artýar. Şonuň üçin bazarlara barylanda harytlaryň bolelin bolmagy dürli görnüşdäki tagamlary taýýarlamaga höwes döredýär. Esasan hem tomus pasly öý bikeleriniň bakja önümlerinden dürli gaplamalary taýýarlaýan döwrüdir. Şol sebäpli-de, gök önümler gaplanylýan wagtynda onuň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek hökmanydyr. Eger-de arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, saglyk üçin howply ýagdaý bolan iýmit zäherlenmesi döräp bilýär. Iýmit zäherlenmesi zaýalanan, ýaramaz hilli önümleriň, kesel dörediji mikroblaryň üsti bilen döreýär. Tagamlar taýýarlanylanda, ýeterlik derejede gyzgynlyk ulanylmasa, taýýar iýmit önümleri nädogry şertlerde saklanylsa, möhletinden köp wagt duran bolsa iýmit zäherlenmesini döredip bilýär. Olaryň iň howplulary stafilokokk we botulizm kesel döredijilerinde duş gelýär.

Gün şöhlesi

Ýurdumyzyň ajaýyp nurly we şypaly tomsunda ildeşlerimiz ähli amatlyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde eşretli durmuşyň hözirini görýärler. Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Gün şöhlesi ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär. Gün şöhlesi keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Günüň çogy edil beden maşklary ýaly peýdalydyr. Gün şöhlesi ýüregiň myşsalarynyň işjeňlik häsiýetini köpeldip, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gan basyşy pes bolan adamlara güneş täsir edip, ony kadaly ýagdaýa getirýär. Ýöne, Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däl.

Içseň gana-gana...

Tomsuň yssy günlerinde özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň hem öz düzgünleri bar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Tomusda howanyň yssylygy sebäpli, adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar. Lukmanlar suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegi maslahat berýär. Tomusda günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw içmeli. Lukmanlaryň bellemegine görä, irden turup, ajöze bir bulgur arassa suw içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Käbir adam limo

Ýiti Gün şöhlesinden goranalyň!

Saglygymyz hakynda alada etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr ■ Ýiti Günüň astynda başaçyk gezmäň!

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Gün şöhlesinden goranyň!

Gün urmasyndan goranyň!

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamin Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Onuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň, 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli we çagalary Gün urmasyndan goramak üçin başgapsyz gezdirmeli däl. Tomsuň yssy howasynda meýdana gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly.

Gün urmasyndan goranyň!

Ynsanlar tomus paslynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki, tomus paslynyň gelmegi bilen dynç alyş möwsümi başlanýar. Gün şöhlesiniň täsiri bilen adam bedeninde, D witamini emele gelýär. Bu bolsa bedendäki madda alyş-çalşygyna gatnaşyp, bedene oňaýly täsirini ýetirýär. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda köp wagt bolsaňyz (kelle ýalaňaç, beden açyk bolsa) deri örtüginiň ýanmagyna, şeýle-de, çiş keselleriniň döremegine getirip biler. Günüň özüne uzak wagtlap seredilse, gözüň görejine hem uly zeper ýetirip biler. Tomus paslynda Gün urmasyndan goranmagyň düzgünleri:

Jöwzaly tomus paslynda Gün urmasyndan goranmak we sagdyn bolmak üçin:

«Baýramaly» şypahanasy halkyň hyzmatynda

Häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Bu günki gün ýurdumyzda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümi, Ahal welaýatynda «Arçman» we «Ýyly suw», Lebap welaýatynda «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly», Balkan welaýatynda «Mollagara» we «Awaza» hem-de Daşoguz welaýatynda «Daşoguz» şypahanalary hereket edýär. Geçen ýylda bolsa «Bagabat» şypahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Olar ýylyň dört paslynda-da köp adamly. «Baýramaly» şypahanasy jana şypaly tebigaty, geografik taýdan amatly ýerleşişi, melhem suwunyň bejeriş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Baýramalynyň çägine Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüş ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Gara deňziň kenaryndaky şypahanalar bilen deňeşdirilende, howanyň çyglylygynyň 20 esse azdygy, ýylyň bütin dowamynda güneşli günleriň bolmagy, aýratyn hem aram gurak howasy «Baýramalyda» böwrek we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin diýseň amatly şertleri döredýär.

Rowaç geljegiň aladasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her bir maşgalanyň we raýatyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, okamagy, dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Esasan-da, Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berilýän, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman bilim ojaklary, sport desgalary körpe nesliň sazlaşykly ösmegine, çuňňur bilim we terbiýe almagyna, çeper döredijilik, sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň nurana geljegini şu günki bagtyýar nesillerde görýän milli Liderimiz ýakynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baranda, ol ýerde bejergi alýan çagalaryň birnäçesi bilen duşuşyp, gürrüňdeş boldy. Olaryň arzuw-isleglerini diňledi. Ol ýerde geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz: «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, geljegimiz

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: — Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Ýagty geljegiň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň çar künji bagt mukamyna — çagalarymyzyň şadyýan gülki seslerine beslenýär. Ol ses köňüllerde şatlyk döredýär. Çaga gülküleriniň ýaňlanyp durmagy — adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň buşluknamasy. Çagalaryň şadyýan sesi — ýurtda abadanlygyň höküm sürýändiginiň nyşany. Gahryman Arkadagymyzyň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşmagy bilen baglanyşykly wakalar hem ýaş nesil hakdaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene bir ýola subut etdi. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine baryp, ol ýerde bejergileriň alnyp barlyşy bilen içgin gyzyklandy. Ol ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň çagalarda ýüze çykýan dürli görnüşli näsazlyklary bejermek üçin merkezde döredilen şertler, dünýäniň ösen derejelerine kybap enjamlaryň elýeterlidigi dogrusynda buýsanç bilen aýdanlary her birimizde ýakymly duýgulary oýarýar. Hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, bu ýerde diýseň wajyp işler — çaganyň ösüşindäki näsazlyklary i

Türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

Düýn Türkmenistanda mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk we raýdaşlyk, dostluk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Daň säherde Köpetdag şaýolunyň hem-de Atatürk köçesiniň çatrygynda döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler bellenen ugur boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar. Welosipedli ýöriş Köpetdag şaýolunyň we Atatürk köçesiniň çatrygyndan başlanyp, soňra Çandybil, Bitarap Türkmenistan we Magtymguly şaýollary boýunça dowam etdi. Welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz ajaýyp fiziki taýýarlygyny hem-de ýokary sport ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosip

Melhemler mekanynyň şypahanalary

Milli Liderimiz raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, tebigy baýlyklarymyzy giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanyň derdine melhem bolýan tebigy mineral suwlar we melhem palçyklar barada giňişleýin maglumat berýän, lukmançylyk taýdan bimöçber ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby bolsa diňe bir lukmanlaryň däl-de, eýsem, bütin halkyň hem esasy maslahatçysyna öwrüldi. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda mineral suwlaryň häsiýetli taraplaryny kesgitlemek we olary durmuşda ulanmak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şol barlaglaryň netijesinde, olaryň birnäçesi häzirki wagtda şypahana ulgamyna ornaşdyryldy. Mineral suwlara ýerasty (käbir ýagdaýda üstki suwlar) degişli bolup, olar düzüminiň biologik taýdan işjeň maddalara baý bolmagy we özboluşly fiziki-himiki häsiýetlere, himiki düzüme, gyzgynlyga, radioişjeňlige eýe bolup, olar adam bedenine bejeriji täsirini ýetirýändigi bilen häsiýetlendirilýär.