Rowaç geljegiň aladasy

4 Iýun 2021
758

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her bir maşgalanyň we raýatyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, okamagy, dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Esasan-da, Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berilýän, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman bilim ojaklary, sport desgalary körpe nesliň sazlaşykly ösmegine, çuňňur bilim we terbiýe almagyna, çeper döredijilik, sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň nurana geljegini şu günki bagtyýar nesillerde görýän milli Liderimiz ýakynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baranda, ol ýerde bejergi alýan çagalaryň birnäçesi bilen duşuşyp, gürrüňdeş boldy. Olaryň arzuw-isleglerini diňledi. Ol ýerde geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz: «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary edýäris, ýaşlary ösen, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek, olaryň yhlasly okamaklary, döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döredýäris» diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat çagalar merkezini gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini aýdyp, bu toplumda göz öňünde tutulan şertleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna, berkarar döwletimiziň belent ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady.

Gurbanberdi BAÝRAMOW,
Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar