Ippoterapiýa

6 Iýun 2021
856

Häzirki döwürde ippoterapiýa dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Bu ugry ösdürmek üçin behişdi bedewlerimiziň mekany bolan ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. «Ippoterapiýa» grek sözi bolup, ol at münmek we olar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly dürli keselleri bejermek diýmegi aňladýar. Ynsan saglygy üçin at münmegiň peýdasy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Häzirki döwürde at münmek diňe bir gyzykly we täsin wagt geçirmek hökmünde däl-de, eýsem beden we psihiki taýdan saglyga örän peýdaly bejeriş usuly hökmünde durmuşa giňden ornaşdyryldy. atlar bilen ilkinji gezek gatnaşykda bolýanlar tälimçini ünsli diňläp, görkezmäni dogry berjaý etmelidir. Atlar adamlary örän gowy duýýarlar. Ippoterapiýa merkezinde ähli atlar ýuwaş, syzgyr häsiýetli bolup, olara ýörite tälim berlendir. Şonda-da at münmegiň elmydama bellibir töwekgelçilik bilen baglanyşyklydygyny unutmaly däldir. Bu merkezlerde howpsuzlyk çärelerini yzygiderli berjaý etmek bilen, ýüze çykyp biläýjek dürli töwekgelçilikleriň öňi alynýar.

Ippoterapiýa bilen bejergi usuly, esasan, ysmazlyk, ýürek-damar ulgamynyň keselleri, I we II derejeli oňurga gyşarmalary, osteohondroz, süňkleriň dogabitdi gowşaklygy, gemofiliýa, agyr ruhy bozulmalar ýaly keselleri bejermekde maslahat berilýär. Bu bejergi görnüşi artrit, myşsalaryň atrofiýasy ýaly keseller ýüze çykarylanda-da bellenilýär. At münüp, gezelenç etmek myşsalary sazlaýar, endokrin mäzleriniň we içki beden agzalarynyň işini kadalaşdyrýar. Şeýle hem, ippoterapiýa aýal maşgalalarda ginekologiýa kesellerini bejermekde, erkeklerde prostatit keseliniň öňüni almakda örän täsirli hasaplanylýar. Yzygiderli atly gezelenç etmek olary köşeşdirýär, nerw dartgynlylygyny aýyrýar, keýpiçaglygyny sazlaýar. Ippoterapiýanyň autizm duýgy bozulmalaryny, süýjüli diabeti bejermekde hem gowy netijeler berýändigi subut edildi.

Şemşat BEGMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar