Gün şöhlesi

6 Iýun 2021
866

Ýurdumyzyň ajaýyp nurly we şypaly tomsunda ildeşlerimiz ähli amatlyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde eşretli durmuşyň hözirini görýärler.

Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Gün şöhlesi ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär. Gün şöhlesi keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Günüň çogy edil beden maşklary ýaly peýdalydyr. Gün şöhlesi ýüregiň myşsalarynyň işjeňlik häsiýetini köpeldip, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gan basyşy pes bolan adamlara güneş täsir edip, ony kadaly ýagdaýa getirýär. Ýöne, Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däl.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar