Saglygym — baýlygym

7 Iýun 2021
883

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamynda-da ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ak ýektaýly lukmanlar irginsiz zähmet çekip, ynsan saglygyny goramakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Şeýle lukmanlaryň biri hem Mary şäherindäki 32-nji orta mekdepde işleýän diş lukmany Pälwan Atajanowdyr. Ýaş lukman özüne berkidilen mekdepde ýaş nesilleriň dişlerini bejermekde yhlasly zähmet çekýär. Pälwan lukman okuwçy ýaşlara gowy bejergi berip, olaryň ýüzleriniň gülüp durmagyny gazanýar. Ýaşlara dişlerini wagtly-wagtynda ýuwup, arassa saklanlarynda dişleriň berk hem sagdyn bolýangyny nygtaýar.

Beýleki habarlar