«Baýramaly» şypahanasy halkyň hyzmatynda

4 Iýun 2021
1673

Häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Bu günki gün ýurdumyzda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümi, Ahal welaýatynda «Arçman» we «Ýyly suw», Lebap welaýatynda «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly», Balkan welaýatynda «Mollagara» we «Awaza» hem-de Daşoguz welaýatynda «Daşoguz» şypahanalary hereket edýär. Geçen ýylda bolsa «Bagabat» şypahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Olar ýylyň dört paslynda-da köp adamly.

«Baýramaly» şypahanasy jana şypaly tebigaty, geografik taýdan amatly ýerleşişi, melhem suwunyň bejeriş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Baýramalynyň çägine Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüş ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Gara deňziň kenaryndaky şypahanalar bilen deňeşdirilende, howanyň çyglylygynyň 20 esse azdygy, ýylyň bütin dowamynda güneşli günleriň bolmagy, aýratyn hem aram gurak howasy «Baýramalyda» böwrek we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin diýseň amatly şertleri döredýär.

Geldi ANNAMUHAMEDOW,
«Baýramaly» şypahanasynyň baş lukmany.
Beýleki habarlar