Gün şöhlesinden goranyň!

4 Iýun 2021
727

Tomus pasly howanyň çakdan aşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gün şöhlesiniň adam saglygyna belli bir derejede peýdalydygy barada hiç kimde şübhe döretmeýär. Esasan ýaş çagalarda rahit keseliniň öňüni almaga ýardamly D witaminiň bolmagy, çaganyň bedenine gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin 15 — 20 minut her gün irden 10-na çenli, agşam 18-den soň, çagajyk bilen gezelenç etmek ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da, beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese adamda keýpsizlik, ukusyzlyk we depressiýa ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Gün şöhlesiniň zyýanly täsiri A, B, C şöhlelerinden ybarat bolan ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar. Ultramelewşe şöhläniň ýer gatlagyna çenli ýetip gelýän Gün şöhlesiniň esasy bölegini A şöhleler emele getirýär. Ultramelewşe A şöhleler otag aýnalaryndan göni, eşiklerden kem-käsleýin geçýär we deriniň deriasty öýjüklerine aralaşyp bilýär. Bu şöhle derini ýakmaýar, ýöne deride duş gelýän howply täze döremeleriň we adamyň derisiniň tiz garramagyna uly täsir edýär. B şöhleleriň 70 göterimi deriasty öýjüklerine aralaşyp bilmeýär ýöne D witaminiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Bedeniň Güne ýanmagyna we deride Gün ýanygynyň döremegine getirýär. Ultramelewşe şöhleleriň içinde iň howplusy C şöhlesidir. Bu şöhle atmosferanyň ozon gatlagyndan geçmeýär we adama howp salmaýar. Ultramelewşe şöhleler köp keselleri ýüze çykarýan mikroblara we bakteriýalara garşy täsir edýär. Howanyň yssy döwründe geýilýän eşikler ak, açyk reňkli, rahat, nah matadan tikilen bolmaly. Günüň has gyzýan wagty ýagny, günortan başyň açyk gezmek maslahat berilmeýär. Günüň aşagynda başgapsyz gezilende ýa-da howdanlara suwa düşülende adamda Gün urmanyň ýüze çykmagy mümkin.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-iň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar