Melhemler mekanynyň şypahanalary

3 Iýun 2021
830

Milli Liderimiz raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, tebigy baýlyklarymyzy giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanyň derdine melhem bolýan tebigy mineral suwlar we melhem palçyklar barada giňişleýin maglumat berýän, lukmançylyk taýdan bimöçber ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby bolsa diňe bir lukmanlaryň däl-de, eýsem, bütin halkyň hem esasy maslahatçysyna öwrüldi.

Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda mineral suwlaryň häsiýetli taraplaryny kesgitlemek we olary durmuşda ulanmak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şol barlaglaryň netijesinde, olaryň birnäçesi häzirki wagtda şypahana ulgamyna ornaşdyryldy. Mineral suwlara ýerasty (käbir ýagdaýda üstki suwlar) degişli bolup, olar düzüminiň biologik taýdan işjeň maddalara baý bolmagy we özboluşly fiziki-himiki häsiýetlere, himiki düzüme, gyzgynlyga, radioişjeňlige eýe bolup, olar adam bedenine bejeriji täsirini ýetirýändigi bilen häsiýetlendirilýär.

Oguljan BATYROWA,
Aşgabat şäheriniň 12-nji saglyk öýüniň Gökje şahamçasynyň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar