Saglyk — uly baýlyk

6 Iýun 2021
824

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygy we bagtyýar durmuşy ugrunda uly alada edilýär. Ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri hem bu ugurda ähmiýetli bolup durýar. Ilat arasynda şeýle mazmunly wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleride işjeňlik görkezýärler. Häzirki wagtda etrabymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarda, geňeşliklerde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirip, ildeşlerimize ýurdumyzda ilatyň saglygy babatynda edilýän tagallalaryň ähmiýeti barada gürrüň berýäris.

Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak babatynda edýän bimöçber aladasy we bu ugurda durmuşa geçirýän işleri biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini diýseň begendirýär hem-de ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimiziň netijeliligini gazanmagymyza ruhubelentlik berýär. Şol işleriň barşynda ildeşlerimize tomus paslynyň häzirki howanyň gyzgyn günlerinde günüň ýiti şöhlesinden goranmagyň, ýokumly gök-bakja önümleri, ir-iýmişler bilen iýmitlenmegiň ähmiýeti barada gürrüň berýäris. Agyz-burun örtüklerini ulanmak, degişli howpsuz aralygy saklamak, arassaçylyk düzgünlerini we sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlar hem ildeşlerimizde uly täsir döredýär.

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar