Ýagty geljegiň aladasy

3 Iýun 2021
788

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň çar künji bagt mukamyna — çagalarymyzyň şadyýan gülki seslerine beslenýär. Ol ses köňüllerde şatlyk döredýär. Çaga gülküleriniň ýaňlanyp durmagy — adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň buşluknamasy. Çagalaryň şadyýan sesi — ýurtda abadanlygyň höküm sürýändiginiň nyşany. Gahryman Arkadagymyzyň Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşmagy bilen baglanyşykly wakalar hem ýaş nesil hakdaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene bir ýola subut etdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine baryp, ol ýerde bejergileriň alnyp barlyşy bilen içgin gyzyklandy. Ol ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň çagalarda ýüze çykýan dürli görnüşli näsazlyklary bejermek üçin merkezde döredilen şertler, dünýäniň ösen derejelerine kybap enjamlaryň elýeterlidigi dogrusynda buýsanç bilen aýdanlary her birimizde ýakymly duýgulary oýarýar. Hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, bu ýerde diýseň wajyp işler — çaganyň ösüşindäki näsazlyklary irki döwürde ýüze çykarmak we bejermek bilen baglanyşykly işler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň şeýledigini ol ýerde bejergi alýan çagalar, olaryň ejeleri hormatly Prezidentimize hoşallyk bilen aýtdylar. Esasan-da, çagalaryň biriniň ejesiniň körpejäniň hormatly Prezidentimizi görüp, ilkinji — «baba» sözüni aýdandygyny uly joşgun bilen buşlamagy ýüreklerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu habara ýürekden begenip, körpejä şol sözi atalyk mähri bilen gaýtalatmagy hormatly Prezidentimiziň her bir türkmenistanlynyň kalp yzasyny-da, şatlygyny-da yssy ýüregi bilen syzýandygynyň guwandyryjy subutnamasy boldy.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar