Türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

3 Iýun 2021
771

Düýn Türkmenistanda mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk we raýdaşlyk, dostluk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Daň säherde Köpetdag şaýolunyň hem-de Atatürk köçesiniň çatrygynda döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler bellenen ugur boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar. Welosipedli ýöriş Köpetdag şaýolunyň we Atatürk köçesiniň çatrygyndan başlanyp, soňra Çandybil, Bitarap Türkmenistan we Magtymguly şaýollary boýunça dowam etdi. Welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz ajaýyp fiziki taýýarlygyny hem-de ýokary sport ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy.

Beýleki habarlar