"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýaş matematikleriň olimpiadasy

üstünliklere beslendi Halkymyz «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýýär. Wagtyň eleginden geçip gelen bu nakyl öz manysyny hiç haçan ýitirmez. Sebäbi taryha ser salanymyzda ata-babalarymyzyň ösen ylmyň eýeleri bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilim boýunça uzak geljegi nazarlaýan işler durmuşa geçirilýär.

Arkadag şäheri — ylmyň-bilimiň merkezi

Begenç GUMMANOW, altyn medalyň eýesi, Türkmenistan: — Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu olimpiada örän çekeleşikli geçdi. Men öz ukyp-başarnygym bilen altyn medal gazandym. Watanymyza, halkymyza mynasyp ruhly ýaşlary kemala getirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun.

Goşun tejribeligi

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda awtomobil tehnikalaryny ulanmak hünäri boýunça bilim alýan 3-nji ýyl harby talyplar podpolkownik Muhammetberdi Kakajanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde goşun tejribeligini geçdiler. Harby talyplar tejribeligiň dowamynda wezipeleri ýerine ýetirmek, tejribe toplamak endiklerini kämilleşdirdiler. Olar harby tehnikalarda tehniki ideg we bejergi işlerini geçirmegi özleşdirdiler. Goşun tejribeliginiň tamamlanmagy bilen, harby talyplardan tejribeligiň maksatnamasy we ýekebara ýumuşlar esasynda bahaly hasap kabul edildi. Goşun tejribeligi boýunça harby talyplar Hydyr Rejepow, Ylýas Rejepow, Meýlis Nurmuhammedow, Abdylla Nurgylyjow dagy gowy netije görkezdiler. Ýazmuhammet ATDAÝEW,podpolkownik.

Bilimli bolmak — dünýä akyl ýetirmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň täze taryhyna ösüşleriň we oňyn özgerişleriň döwri hökmünde baky ýazylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň harby ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu hakykata dolulygy bilen şaýatlyk edýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimiziň Raýat goranyşy ulgamynda hem ägirt uly sepgitlere ýetilýär. Şol bir wagtda Garaşsyz Watanymyzyň goranyş ulgamy düýpli özgertmeler netijesinde gün-günden öňe ilerleýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir» diýen ajaýyp sözleri ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklaryň häzirki döwürde hem giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Şundan ugur alyp, harby talyp ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagy, raýat goranyşy we howpsuzlygy babatynda nazary bilimlerini kämilleşdirmegi üçin ýokary okuw mekdebimiziň okuw binýatlarynda, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan okuw-önümçilik merkezinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň okuw binýatlarynda, amaly-tejribe toplumlarynda okuw sapaklaryny özleşdirýärler.

Beýik akyldara hormat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasy möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde-de ýörite meýilnama esasynda, beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Guralýan çärelerde beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet gurup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl bolandygyna aýratyn üns berilýär. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň aň-düşünje sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny goýandyr. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň

Raýat goranyşy — möhüm wezipe

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-parasatlary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag şäheri iň iri we naýbaşy binalar toplumydyr. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen dünýäni aňk edýär. Gurulýan täze binalaryň we desgalaryň uzak möhletli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goraglylygyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajyp bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň esasy wezipelerini, onuň guralyşynyň we işlemeginiň guramaçylyk ýörelgelerini, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklaryny, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat goranyşy babatyndaky hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän «Raýat goranyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Ylym we tehnika syýasy-ykdysady özgertmelerimiziň hem-de rowaçlyklarymyzyň özenidir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen, onuň önümçilik, senagat we zähmet, şonuň bilen bir hatarda, intellektual kuwwatyny artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu maksada ýetmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda ähli ösüşleriň berk binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi hem dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Bu özgertmeler ýurduň döwlet gurluşyny kämilleşdirmekden başlap, ykdysadyýetiň we medeniýetiň ähli ulgamlaryny, halkyň gündelik durmuşyna çenli ähli ýagdaýlary öz içine alýar.

Zehin daragtynyň datly miweleri

Golaýda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda welaýatymyza wekilçilik eden okuwçylaryň üstünlikli çykyş etmekleri bizi diýseň buýsandyrdy. Dünýä döwletleriniň 13-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu olimpiadada Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Şakirjanow 3-nji orna mynasyp boldy. Özüniň tebigy zehini, asylly terbiýesi, ähli sapaklara göreldeli ýetişigi bilen tapawutlanýan Döwletgeldi ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ol bu bäsleşikleriň ählisinde diýen ýaly öňdäki orunlary eýeleýär. Döwletgeldi geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi hökmünde Halkara Ýaşlar forumyna hem gatnaşdy. Bu okuw ýylynda bolsa ýene-de «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolup, Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol Arkadag şäherinde geçirilen olimpiadanyň ähli taýýarlyk tapgyrlaryndan geçip, esasy tapgyrda-da üstünlikli bäsleşdi.

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim bermekdäki işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. «Ylymly il ozar» diýen paýhasa uýulýan Watanymyzda ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin bu günki gün ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Biz — ýaşlaryň okamagymyz, döretmegimiz, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine, özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşarys. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemegi başarýan ýaşlar döwlet we halkara derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanýarlar. Muňa mysal edip, şanly ýylymyzda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyny, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

Bagtyýar geljegiň baky binýady

Türkmenler gadymy döwürlerden bäri nesil terbiýesine aýratyn üns berip, olaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin kitaphanalary, medreseleri, ylym-bilim öýlerini gurduran halk. Munuň şeýledigini taryh hem edebiýat delillendirýär. Bilimi bagtyýar geljegiň baky binýady hasaplan ata-babalarymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda mynasyp dowam etdirilýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň dünýägaraýyşlaryny has-da kämilleşdirmek baradaky aladalary biz — ýaşlaryň okamak, öwrenmek, dörediji kalbymyzyň owazyny halka ýaýmak ýaly arzuwlarymyza ganat berýär. Ylym hem-de bilim halkymyzyň eşretli durmuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça ezber hünärmen bolup ýetişmekleri üçin bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle-de okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelerimiziň esasynda okuw hem-de ylmy işlerine innowasio

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mary şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynda çagalaryň zehin başarnygyny, ukyp döredijiligini ýüze çykarmakda önjeýli işler alnyp barylýar. Şeýle jan aýamazakly zähmet çekýän terbiýeçileriň biri-de orta bag toparynyň terbiýeçisi Şeker Baýramowadyr. Ol 2020-nji ýyldan bäri bu çagalar bakja-bagynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli ýokary ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekdäki parasatly öwüt-ündewlerinden ugur alyp, zähmet çekýär. Terbiýeçi şäherde, welaýatda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň arasynda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Onuň bäsleşiklere taýýarlaýan körpeleri ýokary netijeleri gazanýarlar. “Berekella, pälwanlar!” atly bäsleşigiň çagalar bakja-bagynyň körpejesiniň şäher tapgyrynda birinji, welaýat tapgyrynda ikinji orunlary eýelemegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. SURATDA: göreldeli terbiýeçi Şeker Baýramowa çagalar bakja-bagynda terbiýelenilýän körpeje bilen.

Röwşen ykbally nesil

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyňy döwründe döwletimiziň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaň nesil hakynda edilýän giň gerimli aladalar möhüm ähmiýete eýedir. Bu hakykat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaňlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda mynasyp beýanyny tapýar. Kitabyň çuňňur mazmunyna esaslanyp aýdanyňda, ýaň nesliň bagtyýar durmuňy, olaryň milli we döwrebap ruhda terbiýelenmegi, dünýä hil derejesinde ylym, bilim almagy, hünär edinmegi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüňiniň esasy ňertleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaň nesilleriň kämil ňahsyýetler bolup ýetiňmekleri babatdaky tutumly iňlerini üstünlikli dowam etdirýär. Şeýle wezipelere abraý bilen hötde gelmegiň çäklerinde durmuňa geçirilýän döwletli tutumlar maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Munuň özi iňleriň netijeliligine oňyn itergi berip, täze taryhy eýýamyň ýaň nesillerinde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly her bir ynsanyň mertebesini belende göterýän ajaýyp häsiýetleriň kemala gelmeginiň gözbaňyna öwrülýär. Şu ýerde hem jemgyýetiň ösüňiniň diňe bir maddy gymmatlyklar bilen bagly bolman, eýsem, halkyň ýokary ruhy güýji, milli ruhy-ahlak gymmatlyklary bilenem

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň milli kanunçylygy Konstitusiýa esaslanmak bilen, ýokarda agzalan Kanundan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Ol elektron hökümetiň işiniň tertibini kadalaşdyrmakda, bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan resminamadyr. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ulgamyna sanly we täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär.

Bilim dünýäsiniň belentlikleri

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ylym-bilimi düýpli ösdürmek, sanly bilim ulgamynyň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Biz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys, işleýäris, döredýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri terbiýäniň möhüm ojaklary bolmak bilen, döwrebap, kämil nesilleriň kemala gelmeginde möhüm işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň beden we ruhy taýdan ösen, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Şonuň netijesinde bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Nesil terbiýesi — asylly ýörelge

Dil bilen dünýäni gezer

Başlangyç synpda okaýan çagalara sowat, bilim öwredilýändigi üçin mugallymlara jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Ony üstünlikli amal etmek üçin öz usuly işleriňi yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Şunda çaganyň içki dünýäsini, sapaga bolan höwesini çuňňur öwrenmeli, çünki başlangyç synpda okaýan çaganyň ünsüni sapaga gönükdirmek uly tejribäni talap edýär. Orta mekdebiň 2-nji synpynda rus dili sapagy hem okadylýar. Dil öwretmekde we sapaklarymyzy işjeň guramakda iň täze usullardan peýdalanmak zerurdyr. Munuň özi dil öwretmegi ýeňilleşdirýär we okuwçylaryň rus diliniň harplaryny we sözlerini öwrenmeklerine oňat täsir edýär. Döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalaryndan, lingafon otaglardan peýdalanmak okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrýar, olaryň diňläp düşünmek endiklerini ösdürýär we söz baýlygyny artdyrýar. Başlangyç synpda okaýan okuwçylar bilen sapak geçilende, suratly şekillere aýratyn üns bermek gerek, çünki olaryň suratlara bolan gyzyklanmasy has-da ýokarydyr. Surat şekilleri ýerleşdirilen multimedia tagtasy olaryň ünsüni çekýär. Şol sebäpli hem rus elipbiýindäki «A» harpynyň suratly şekilini multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle şekilleriň üsti bilen «A» harpyny labyzly okaýarys. Bu harpy düşündirmek bile

Çagalaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynda işiň esasy guraly hasaplanýan öwrediji oýunlar, hereketli oýunlar, many-mazmunly oýunlar, sahnalaşdyrylýan oýunlar ulanylýar. Oýunlardan peýdalanmakda, olary çagalar bilen bilelikde guramakda körpeleriň ýaş aýratynlyklary nazarda tutulyp, maksady anyklaşdyrylyp, ýerine ýetiriliş usullaryny saýlaýarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç düşünjeleri berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Şundan ugur alyp, öz guraýan sapaklarymyň gyzykly hem öwredijilikli häsiýetde bolmagy üçin körpeleriň ünsüni çekäýjek oýunlar bilen baglanyşdyrýaryn.

Sapakda nusgawy edebiýatdan peýdalanmagyň usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Geografiýa sapaklarynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny we oňa degişli baý maglumatlary okuwçylara ýetirmek örän ähmiýetlidir. Mysal üçin şahyryň «Türkmeniň» atly şygry ýurdumyzyň geografiýasyna degişlidir. Magtymguly bu şygrynda Türkmenistanyň geografik ýerleşişini, tebigy aýratynlyklaryny hem-de baýlyklaryny, türkmen halkynyň hojalyk işlerini, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, medeniýetini, gadymylygyny, edermenligini, gylyk-häsiýetini beýan edipdir.

Ýewropanyň raýat awiasiýasy konferensiýasy türkmenistanly hünärmenler üçin okuw geçirýär

Ýewropanyň raýat awiasiýasy konferensiýasy 1-3-nji aprel aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň raýat awiasiýa edaralarynyň we howa menzilleriniň hünärmenleri üçin awiasiýa howpsuzlygy boýunça okuw geçirýär. Bu çäre «2-nji waka» taslamasynyň çäginde geçirilip, ol içerki howp bilen baglanyşykly derňewi, baha bermegi ýola goýmakda we töwekgelçilikleri aradan aýyrmakda hünärmenleri iň oňat tejribe bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Döwrebap binagärlikde ýaşlaryň orny

Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýan özgertmeler her bir raýatyň bähbidine, halkyň abadançylygyna, aň-bilimiň, ylmy-innowasion binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň binagärliginde, şeýle hem Arkadag şäheriniň keşbinde täze durmuşa galkynyş, täze belentliklere alyp barýan ak ýol äşgär görünýär. Döwrebap binalarda milli ýörelgeler bilen birlikde, Gündogaryň we Ýewropanyň binagärlik aýratynlyklary, öňdebaryjy tejribeler öz beýanyny tapýar. Her bir bina halkyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehniki enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa häzirki zaman türkmen binagärlik sungatynda özboluşly sazlaşygy döredýär. Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimliliginiň aýdyň nusgasydyr. Şäherde gurlan jemgyýetçilik, medeni-durmuş ähmiýetli binalar, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, seýilgäh toplumlary sungat eseri ýaly sünnälenip döredilen. Binagärligiň görnüşleri şekillendiriş sungatynyň çeperçilik täsiri bilen ösýär. Öz gezeginde, binagärlik hem şekillendiriş sungatyna hemişe täsirini ýetirýär. Täze şäherde bir bitewi çeperçilik e