Bagtyýar geljegiň baky binýady

3 Aprel 2024
230

Türkmenler gadymy döwürlerden bäri nesil terbiýesine aýratyn üns berip, olaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin kitaphanalary, medreseleri, ylym-bilim öýlerini gurduran halk. Munuň şeýledigini taryh hem edebiýat delillendirýär. Bilimi bagtyýar geljegiň baky binýady hasaplan ata-babalarymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda mynasyp dowam etdirilýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň dünýägaraýyşlaryny has-da kämilleşdirmek baradaky aladalary biz — ýaşlaryň okamak, öwrenmek, dörediji kalbymyzyň owazyny halka ýaýmak ýaly arzuwlarymyza ganat berýär.

Ylym hem-de bilim halkymyzyň eşretli durmuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça ezber hünärmen bolup ýetişmekleri üçin bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle-de okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelerimiziň esasynda okuw hem-de ylmy işlerine innowasion usullary ornaşdyrmak, hünär taýýarlygyny häzirki zaman derejelerine laýyklykda kämilleşdirmek işleri giň gerim alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mundan beýläk has-da pajarlap ösmegine öz täsirini ýetirýär.

Hydyrnur KAKAJYKOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.
Beýleki habarlar