Sapakda nusgawy edebiýatdan peýdalanmagyň usullary

2 Aprel 2024
449

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar.

Geografiýa sapaklarynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny we oňa degişli baý maglumatlary okuwçylara ýetirmek örän ähmiýetlidir. Mysal üçin şahyryň «Türkmeniň» atly şygry ýurdumyzyň geografiýasyna degişlidir. Magtymguly bu şygrynda Türkmenistanyň geografik ýerleşişini, tebigy aýratynlyklaryny hem-de baýlyklaryny, türkmen halkynyň hojalyk işlerini, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, medeniýetini, gadymylygyny, edermenligini, gylyk-häsiýetini beýan edipdir.

Artyk ÇÄŞEMOW,
Boldumsaz etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.
Beýleki habarlar