Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

3 Aprel 2024
336

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim bermekdäki işler giň gerim bilen dowam etdirilýär.

«Ylymly il ozar» diýen paýhasa uýulýan Watanymyzda ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin bu günki gün ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Biz — ýaşlaryň okamagymyz, döretmegimiz, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine, özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşarys. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemegi başarýan ýaşlar döwlet we halkara derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanýarlar. Muňa mysal edip, şanly ýylymyzda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyny, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Her gezek halkara ýaryşlarynda ýokary derejeli sylag-serpaýa, altyndyr kümüş medallara mynasyp bolan ýaşlary synlanyňda, ýüregiň buýsançdan dolýar.

Süleýman GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar