Bilimli nesil — kuwwatly Watan

3 Aprel 2024
272

Mary şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynda çagalaryň zehin başarnygyny, ukyp döredijiligini ýüze çykarmakda önjeýli işler alnyp barylýar. Şeýle jan aýamazakly zähmet çekýän terbiýeçileriň biri-de orta bag toparynyň terbiýeçisi Şeker Baýramowadyr. Ol 2020-nji ýyldan bäri bu çagalar bakja-bagynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli ýokary ahlakly, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekdäki parasatly öwüt-ündewlerinden ugur alyp, zähmet çekýär. Terbiýeçi şäherde, welaýatda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň arasynda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Onuň bäsleşiklere taýýarlaýan körpeleri ýokary netijeleri gazanýarlar. “Berekella, pälwanlar!” atly bäsleşigiň çagalar bakja-bagynyň körpejesiniň şäher tapgyrynda birinji, welaýat tapgyrynda ikinji orunlary eýelemegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

SURATDA: göreldeli terbiýeçi Şeker Baýramowa çagalar bakja-bagynda terbiýelenilýän körpeje bilen.

Beýleki habarlar