Döwrebap binagärlikde ýaşlaryň orny

2 Aprel 2024
212

Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýan özgertmeler her bir raýatyň bähbidine, halkyň abadançylygyna, aň-bilimiň, ylmy-innowasion binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň binagärliginde, şeýle hem Arkadag şäheriniň keşbinde täze durmuşa galkynyş, täze belentliklere alyp barýan ak ýol äşgär görünýär. Döwrebap binalarda milli ýörelgeler bilen birlikde, Gündogaryň we Ýewropanyň binagärlik aýratynlyklary, öňdebaryjy tejribeler öz beýanyny tapýar. Her bir bina halkyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehniki enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa häzirki zaman türkmen binagärlik sungatynda özboluşly sazlaşygy döredýär.

Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimliliginiň aýdyň nusgasydyr. Şäherde gurlan jemgyýetçilik, medeni-durmuş ähmiýetli binalar, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, seýilgäh toplumlary sungat eseri ýaly sünnälenip döredilen. Binagärligiň görnüşleri şekillendiriş sungatynyň çeperçilik täsiri bilen ösýär. Öz gezeginde, binagärlik hem şekillendiriş sungatyna hemişe täsirini ýetirýär. Täze şäherde bir bitewi çeperçilik eseriniň çäklerinde sungatyň dürli görnüşiniň birleşmesini görmek bolýar. Binagärlik, dizaýn, heýkeltaraşlyk we nakgaşlyk ýaly sungat görnüşleri birleşip, gözellik sazlaşygyny emele getirýär.

Jumageldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň müdiri,Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri.
Beýleki habarlar