Çagalaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek

2 Aprel 2024
668

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynda işiň esasy guraly hasaplanýan öwrediji oýunlar, hereketli oýunlar, many-mazmunly oýunlar, sahnalaşdyrylýan oýunlar ulanylýar. Oýunlardan peýdalanmakda, olary çagalar bilen bilelikde guramakda körpeleriň ýaş aýratynlyklary nazarda tutulyp, maksady anyklaşdyrylyp, ýerine ýetiriliş usullaryny saýlaýarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç düşünjeleri berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Şundan ugur alyp, öz guraýan sapaklarymyň gyzykly hem öwredijilikli häsiýetde bolmagy üçin körpeleriň ünsüni çekäýjek oýunlar bilen baglanyşdyrýaryn.

Güljahan KULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar