Nesil terbiýesi — asylly ýörelge

2 Aprel 2024
624

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli ruhda terbiýelenmegi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr». Hut şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesinde asylly ýörelgelerden ugur almak, milli ýolumyzy dowam etdirmek baş maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem bu günki gün mugallymlar ýaşlary milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek üçin giňden wagyz-nesihat işlerini hem alyp barýarlar. Wagyz-nesihat duşuşyklarynyň esasy maksady ýaş nesilleri döwrebap derejede okatmakdan, terbiýelemekden we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýaşlary syýasy taýdan sowatly, ahlak taýdan arassa, bilimli, terbiýeli, ylymly-hünärli edip ýetişdirmek işinde oňyn täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, milli we ruhy-ahlak gymmatlyklara sarpa goýulýan ýurdumyzda adam hakyndaky aladany duýmak bolýar. Merdana ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns beripdirler. Çagalar bagyndan başlap, mekdep partasynda oturýan okuwçynyň geljekki durmuşyna täsir edip biljek gylyk-häsiýetler kemala gelip başlaýar. Şol sebäpden mekdep okuwçylarynyň, esasan-da, ýetginjek ýaşdakylaryň terbiýesi aýratyn üns merkezinde saklanylmaly. Bu ugurda ene-atalaryň, mekdepleriň, bilim işgärleriniň hyzmatdaşlykda işlemekleri has-da göwnejaýdyr. Çünki nesil terbiýesi maşgaladan başlanýar.

Aratjan GUZYÇYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar