Dil bilen dünýäni gezer

2 Aprel 2024
530

Başlangyç synpda okaýan çagalara sowat, bilim öwredilýändigi üçin mugallymlara jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Ony üstünlikli amal etmek üçin öz usuly işleriňi yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Şunda çaganyň içki dünýäsini, sapaga bolan höwesini çuňňur öwrenmeli, çünki başlangyç synpda okaýan çaganyň ünsüni sapaga gönükdirmek uly tejribäni talap edýär. Orta mekdebiň 2-nji synpynda rus dili sapagy hem okadylýar. Dil öwretmekde we sapaklarymyzy işjeň guramakda iň täze usullardan peýdalanmak zerurdyr. Munuň özi dil öwretmegi ýeňilleşdirýär we okuwçylaryň rus diliniň harplaryny we sözlerini öwrenmeklerine oňat täsir edýär. Döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalaryndan, lingafon otaglardan peýdalanmak okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrýar, olaryň diňläp düşünmek endiklerini ösdürýär we söz baýlygyny artdyrýar.

Başlangyç synpda okaýan okuwçylar bilen sapak geçilende, suratly şekillere aýratyn üns bermek gerek, çünki olaryň suratlara bolan gyzyklanmasy has-da ýokarydyr. Surat şekilleri ýerleşdirilen multimedia tagtasy olaryň ünsüni çekýär. Şol sebäpli hem rus elipbiýindäki «A» harpynyň suratly şekilini multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle şekilleriň üsti bilen «A» harpyny labyzly okaýarys. Bu harpy düşündirmek bilen, rus dilinde okamak endiklerini hem ösdürýäris. Şonuň üçin hem goşgy setirlerini labyzly okaýarys.

Baýramgül BERDIMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 73-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar