"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Wagyz-nesihat çäresi

Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy Ýakynda Wekilbazar etrabyndaky 36-njy orta mekdepde TDP-niň etrap komiteti hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy” atly çäre geçirildi. Oňa mugallymdyr mekdep okuwçylaryndan, başga-da etrabyň jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdyrlar.

Sport

Täsirli guralan ýaryş Her ýylda däp bolşy ýaly, TMÝG-niň şäher geňeşiniň göçme kubogyny almak ugrunda guralýan sportuň futbol görnüşindäki ýaryş «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem örän çekeleşikli geçdi. TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu sport ýaryşy täsirli guraldy. Oňa şäherdäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlardan düzülen toparlaryň ençemesi gatnaşdy.

Halal zähmet — ömrüň manysy

KÖÝTENDAG TÄSINLIKLERI

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz  Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy-arheologiki ýadygärlikler bu abraýly halkara guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan — gadymy taryhy ýadygärliklere we tebigatyň täsinliklerine baý mekan. Soňky ýyllarda daşary ýurtly alymlar, tebigaty öwrenijiler, syýahatçylar ýurdumyzda ýerleşýän gadymy galalary, şäherleri, tebigatyň täsinliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekip biläýjek tebigy, taryhy ähmiýetli mesgenler barmak büküp sanardan örän kän.

HALK LUKMANÇYLYGYNDA ATGULAGYŇ ÄHMIÝETI

«GYZGALAMY» «GYZYLGALA»?

Halk arasynda şeýle rowaýat bar: gadym zamanlarda gür baglyga beslenen gözel künjekde iki sany köşk ýerleşipdir. Ol köşkleriň ulusynda durmuşa çykmadyk gyzlar, kiçisinde bolsa öýlenmedik ýigitler ýaşapdyr. Ýaş ýigitlere gapdalyndaky köşkde ýaşaýan gyzlara öýlenmek üçin ýörite şert goýlupdyr. Kiçi köşkde ýaşaýan ýigitleriň haýsysynyň zyňan almasy gyzlaryň galasyna düşse, şol ýigit islän gyzyna öýlenip bilipdir. Almany zyňyp, köşge ýetirip bilen bolmansoň bu işi başarmagyň başga usullaryny gözlemäge girişipdirler. Ahyry ýigitler täze bir esbaby-sapany oýlap tapypdyrlar. Sapanyň kömegi bilen atylan almalar köşge düşüpdir we ýaşlar maksat-myratlaryna gowşupdyrlar. Rowaýatda ady agzalan galalaryň biri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda ýerleşýän Uly Gyzgalanyň gasynly bezegleriniň gelip çykyşy, nähili maksat bilen haçan bina edilendigi barada dürli çaklamalar öňe sürlüpdir. 1997 ― 2007-nji ýyllarda ýörite Maksatnamasynyň çäginde Uly Gyzgalada ylmy-gözegçilik işleri geçirildi.

ROWAÝATLARA SIŇEN GADYMY KÖNEÜRGENÇ

Pederlerimiz geçmişden ybrat alyp, geljege ýörelge edinmegi nesillere hikmetli sözleriň, dessanlardyr rowaýatlaryň üsti bilen pent-nesihat edipdirler. Ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny yzlamak, ata Watanyň mertebesine buýsanmak, ene topragyňy gözüň göreji deý ezizlemek halkymyzyň durmuş ýörelgesidir. Bu durmuş kadasy nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes duýgudyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ata Watanymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, şöhratly taryhymyzy bütin dünýäde wagyz etmek we pederlerimizden miras galan bu taryhy-medeni gymmatlyklarymyza buýsanç duýgularyny döretmek ýaşlaryň kalbynda belent watanperwerlik duýgularyny oýarýar. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň biri hem gadymy Köneürgenç ýadygärlikleridir. Gadymy Köneürgenç XI-XII asyrlarda medeniýetiň, sungatyň we ylmyň gülläp ösen, kuwwatly döwlet öwrülen Horezmşalar döwletiniň paýtagtydyr. Bu taryhy künjek Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň biri bolupdyr. Bu döwürde bina edilen taryhy-arhitektura ýadygärlikleri häzirki wagtda Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ylmy taýdan öwrenilýär.

ANNAGYLYÇ MÄTÄJI – USSAT ŞAHYR

Edebiýatda adamyň durmuşy, ýaşaýyşy, häsiýeti we arzuwy söz arkaly suratlandyrylýar. Adam edebiýatyň üsti bilen kämilleşýär. Çeper edebiýat adamy we onuň durmuşyny beýan etmek bilen şolaryň esasynda adamlara dogry ýoly salgy berýär. Edep-ekramly nesilleri ýetişdirmek edebiýatyň baş maksadydyr. Türkmen edebiýatynda hem nesilleri kämillige çagyrýan ençeme şahyrlar bar. Türkmen nusgawy edebiýatynda özüniň ajaýyp goşgulary bilen orun alan hem-de ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmeýän şygyrlary bilen yz galdyran ussat şahyrlaryň biri hem Annagylyç Mätäjidir. Mätäji XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolup, beýik Magtymgulynyň edebi däplerini içgin öwrenen we dowam etdiren şahyrdyr. Annagylyç Mätäjiniň şygyrlary şirinligi, many-mazmuna baýlygy, halky äheňi bilen söýgä mynasyp bolupdyr. Şahyryň şygyrlary häzirki wagtda hem owazlylygy, aýdym-saz äheňliligi bilen halk arasynda meşhurdyr.

BEDEN TERBIÝESI — GÖZELLIGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn özgertmeleri, il-ýurt bähbitli işleri halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş neslimiziň şu gününe we röwşen geljegine bolan ynamyny has-da berkidip, ruhuny belende göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipelerde milli kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli aladalanýar. Şol bir wagtda ynsan saglygynyň ilki bilen her bir adamyň özüne baglydygyny göz öňünde tutup, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan sport desgalary hem-de mekdepler, saglyk ýollary ilatyň köpçülikleýin sport we bedebterbiýe bilen meşg

HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN KÖPRI

Halkyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesi gönüden-göni döwletiň ykdysady ösüşine bagly bolup durýar. Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek üçin giň dünýägaraýyşly, sowatly, Watana wepaly hünärmenlere bil baglanylýar. Olaryň ylymda, bilimde dünýäniň soňky gazananlaryndan baş çykarmagy, hususan-da sanly ulgamlara erk edip bilmegi, daşary ýurt dillerini çuň öwrenmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. Çünki aýdylanlar bilen bir hatarda, dünýä dilleriniň kämil bilinmegi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Islendik halkyň dilini bilmek, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem giň mümkinçiligi döredýär. Dil halklary özara birleşdirýän ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Haýsydyr bir halkyň dilini bilmek, medeniýetine düşünmek özboluşly dünýäniň gapysyny açýar, dünýägaraýşyňy giňeldýär, kämillige eltýär.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

Ýaş alym elektron resminama dolanyşygyny amala aşyrýan web sahypany hödürleýär

DIL ÖWRENMEKDE TEHNOLOGIÝANYŇ ARTYKMAÇLYKLARY

Häzirki zaman jemgyýetçilik we ynsan durmuşyny tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin. Döwrebap tehnologiýalar we tehnikalar adamzat durmuşyna şeýle bir çuň aralaşdy welin, sanly we maglumat tehnologiýalarsyz ynsan özüni jemgyýetden üzňeleşýän, döwürden, ösüşden yzda galýan ýaly duýgyny başdan geçirýär. Dünýä jemgyýeti ösüşiň täze tapgyrynda diňe tehnologiýalara we innowasiýanyň soňky gazananlaryna daýanýar. Kämil kompýuter tehnologiýalary maglumat akymlarynyň jemgyýetde tiz ýaýramagyny  üpjün  edýär  we  ägirt  uly   maglumat  giňişligini emele  getirýär. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir. Çünki, islendik jemgyýetiň, döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ MILLI WE HALKARA DEREJESINDE ÖSÜŞ UGURLARY

Milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmakda energetikanyň wajyp orny eýeleýändigi nukdaýnazaryndan, bu möhüm ulgamyň ösdürilmegine durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmäge we toplumyň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Toplumyň pudaklarynyň ýurduň özgeriş durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maliýe çeşmesi bolmagyndaky orny pugtalandyrylýar. Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar. Şeýle-de, türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähme

Ne­sil­le­re nus­ga­lyk yn­san

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Har­by gul­luk­çy­lar we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my-zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tirmek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dirýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy, Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly ogul­la­ry­nyň çäk­siz eder­men­lik­le­ri­niň hem-de gaý­duw­syz­lyk­la­ry­nyň my­sal­la­ry­na baýdyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Berdimu­ha­met An­na­ýew hem bar. Mu­gal­lym we es­ger, öz top­ra­gy­nyň wa­tan­çy­sy bol-mak bi­len, ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gaý­duw­syz sö­weş­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy, mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýo­ka­ry nus­ga­lyk gö­rel­de­si bü­tin hal­ky­myz üçin edep-ter­bi­ýä­niň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň mek­de­bi­dir. Berdimuhamet aga­nyň Wa­ta­ny go­ra­mak­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek­de bi­ti­ren iş­le­ri, maş­ga­la, per­zent ter­bi­ýe­si ba­ba­tyn­da kä­mil ýö­rel­ge­si, ý

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň düzgünnamasy

I. Umumy düzgünler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilýär.

Sylag–hormatdan peýdalanýan weteran

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Uruş we­te­ra­ny Ata Tut­ly­kow et­ra­by­my­zyň uly sy­lag-hor­mat­dan peý­da­lan­ýan bag­ty­ýar ýa­şaý­jy­sy­dyr. Ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, mert­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de we hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek­de ola­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu gün dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lup ýa­şa­ýan Ata aga-da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Et­ra­byň Goz­gan oba­syn­da ýa­şa­ýan Ata Tut­ly­ko­wy aja­ýyp se­ne my­na­sy­bet­li gut­la­mak hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak üçin ola­ryň döw­let­li ojak­la­ryn­da et­rap hä­kim­li­gi, şeý­le-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri myh­man­çy­lyk­da bol­du­lar. Olar go­ja es­ge­re döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sow­gat­la­ry­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­mak bi­len, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Ata aga­nyň sö­weş we dur­muş ýo­ly ha­kyn­da be­ren tä­sir­li gür­rüň­le­ri bu du

Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­ri ruh­lan­dyr­ýar ne­sil­le­ri

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri: «Ki­tap adam­za­dyň kö­ňül nag­şy­dyr, ol me­de­ni gym­mat­lyk hök­mün­de ru­hy baý­ly­ga öw­rü­lip, adam­la­ryň ýü­rek­le­ri­ne ýol sa­lyp bil­ýär» di­ýip bel­le­mek bi­len, ki­ta­ba mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­ra­ýar. Ki­tap hiç wagt hem gym­ma­ty­ny ga­çyr­ma­ýan ru­hy baý­lyk­dyr. On­da çäk­siz gud­rat, güýç bar. Ol geç­miş bi­len gel­je­giň, halk­lar bi­len ýü­rek­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Kalp­la­ra bar­ýan ýol göz­ba­şy­ny ki­tap­dan alyp gaýd­ýar. Çün­ki «Ýü­rek­den çy­kan söz ýü­re­ge ba­rar» diý­li­şi ýa­ly, ki­tap­da kal­byň owa­zy ýaň­lan­ýar. Oky­jy ki­ta­by özü­ne ýol­daş edi­nip, dö­wür­le­re, älem-ja­ha­na sy­ýa­hat ed­ýär.

«Ýa­şa­syn, pa­ra­hat dur­muş!»

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­men hal­ky bu gün­ki gün be­ýik Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň sa­ýa­syn­da asu­da as­ma­nyň, pa­ra­hat ze­mi­niň üs­tün­de ýa­şa­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da biz 1941 — 1945-nji ýyl­lar­da­ky Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan be­ýik Ýe­ň­şiň 79 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýä­ris.

Ýüwrük atyň bahasy bolmaz

Türkmenler öz ajaýyp atlaryna hemişe-de ynamdar ýoldaş, wepaly dost hökmünde garapdyrlar. Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewlere söýgüsi we sarpasy çäksizdir. Şan-şöhrata beslenen taryhymyzyň dowamynda türkmen ýigidini häsiýetlendirýän mertlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk barada söz açylanda, bu häsiýetler, ilkinji nobatda, bedew atlar bilen baglanyşdyrylypdyr. Magtymguly Pyragynyň: At gazanar goç ýigidiň,Owal bedew aty gerek —

TÜRKMENISTANYŇ HARYTLAR WE HYZMATLAR BAZARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn strategiýasy döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli usullarynyň biri bolup, ol durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýakyn, orta we uzak möhlete niýetlenen birnäçe maksatnamalaryň hereket etmegi geljekki ösüş ugurlarymyzyň takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly kesgitlenendigine güwä geçýär. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeler kabul edilen we täze kabul edilýän ähli maksatnamalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dünýä ösüşinde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, beýleki döwletler bilen özara baglanyşygyň has-da güýçlenýän, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şeýle çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetiň ösüş depginini durnukly saklamak meselesi gün tertibiniň wajyp meseleleriniň biri bolup, bu ýagdaý tiz ornaşdyrmaga ukyply bolan usullaryň, çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär. Bu milli ykdysadyýeti döwrüň çagyryşlaryna laýyklykda dolandyrmagyň inkär edip bolmaýan şertleriniň biridir. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda häzirki ösüş tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatlary netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna, gura