Sport

7 Maý 2024
199

Täsirli guralan ýaryş

Her ýylda däp bolşy ýaly, TMÝG-niň şäher geňeşiniň göçme kubogyny almak ugrunda guralýan sportuň futbol görnüşindäki ýaryş «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem örän çekeleşikli geçdi. TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu sport ýaryşy täsirli guraldy. Oňa şäherdäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlardan düzülen toparlaryň ençemesi gatnaşdy.

Beýleki habarlar