Ne­sil­le­re nus­ga­lyk yn­san

6 Maý 2024
210

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024

Har­by gul­luk­çy­lar we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my-zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tirmek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dirýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy, Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly ogul­la­ry­nyň çäk­siz eder­men­lik­le­ri­niň hem-de gaý­duw­syz­lyk­la­ry­nyň my­sal­la­ry­na baýdyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Berdimu­ha­met An­na­ýew hem bar. Mu­gal­lym we es­ger, öz top­ra­gy­nyň wa­tan­çy­sy bol-mak bi­len, ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gaý­duw­syz sö­weş­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy, mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýo­ka­ry nus­ga­lyk gö­rel­de­si bü­tin hal­ky­myz üçin edep-ter­bi­ýä­niň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň mek­de­bi­dir. Berdimuhamet aga­nyň Wa­ta­ny go­ra­mak­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek­de bi­ti­ren iş­le­ri, maş­ga­la, per­zent ter­bi­ýe­si ba­ba­tyn­da kä­mil ýö­rel­ge­si, ýo­ka­ry adam­kär­çi­li­gi kal­by­myz­da yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ryny ös­dür­ýär.

Beýleki habarlar