ROWAÝATLARA SIŇEN GADYMY KÖNEÜRGENÇ

6 Maý 2024
321

Pederlerimiz geçmişden ybrat alyp, geljege ýörelge edinmegi nesillere hikmetli sözleriň, dessanlardyr rowaýatlaryň üsti bilen pent-nesihat edipdirler. Ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny yzlamak, ata Watanyň mertebesine buýsanmak, ene topragyňy gözüň göreji deý ezizlemek halkymyzyň durmuş ýörelgesidir. Bu durmuş kadasy nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes duýgudyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ata Watanymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, şöhratly taryhymyzy bütin dünýäde wagyz etmek we pederlerimizden miras galan bu taryhy-medeni gymmatlyklarymyza buýsanç duýgularyny döretmek ýaşlaryň kalbynda belent watanperwerlik duýgularyny oýarýar. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň biri hem gadymy Köneürgenç ýadygärlikleridir.

Gadymy Köneürgenç XI-XII asyrlarda medeniýetiň, sungatyň we ylmyň gülläp ösen, kuwwatly döwlet öwrülen Horezmşalar döwletiniň paýtagtydyr. Bu taryhy künjek Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň biri bolupdyr. Bu döwürde bina edilen taryhy-arhitektura ýadygärlikleri häzirki wagtda Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ylmy taýdan öwrenilýär.

Nurýagdy GALPAKOW
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar