BEDEN TERBIÝESI — GÖZELLIGIŇ GÖZBAŞY

6 Maý 2024
362

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn özgertmeleri, il-ýurt bähbitli işleri halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş neslimiziň şu gününe we röwşen geljegine bolan ynamyny has-da berkidip, ruhuny belende göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipelerde milli kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar.

Adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli aladalanýar. Şol bir wagtda ynsan saglygynyň ilki bilen her bir adamyň özüne baglydygyny göz öňünde tutup, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan sport desgalary hem-de mekdepler, saglyk ýollary ilatyň köpçülikleýin sport we bedebterbiýe bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Sagdyn jemgyýet ýurduň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr. Sport bolsa sagdynlygy, berk bedenliligi gazanmagyň wajyp çeşmesidir. Şundan ugur alyp, Diýarymyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini mundan beýläk-de ösdürmäge ähmiýet berilýär.

Hanjar NURGELDIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar