Sylag–hormatdan peýdalanýan weteran

6 Maý 2024
239

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024

Uruş we­te­ra­ny Ata Tut­ly­kow et­ra­by­my­zyň uly sy­lag-hor­mat­dan peý­da­lan­ýan bag­ty­ýar ýa­şaý­jy­sy­dyr. Ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, mert­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de we hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek­de ola­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu gün dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lup ýa­şa­ýan Ata aga-da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Et­ra­byň Goz­gan oba­syn­da ýa­şa­ýan Ata Tut­ly­ko­wy aja­ýyp se­ne my­na­sy­bet­li gut­la­mak hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak üçin ola­ryň döw­let­li ojak­la­ryn­da et­rap hä­kim­li­gi, şeý­le-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri myh­man­çy­lyk­da bol­du­lar. Olar go­ja es­ge­re döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sow­gat­la­ry­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­mak bi­len, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Ata aga­nyň sö­weş we dur­muş ýo­ly ha­kyn­da be­ren tä­sir­li gür­rüň­le­ri bu du­şu­şy­ga baý ma­ny goş­dy. Toý gü­nün­dä­ki du­şu­şyk­lar ýa­kym­ly duý­gu­la­ra bes­len­di. Uruş we­te­ra­ny Ata Tut­ly­kow sow­gat­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na ýü­rek­den çyk­ýan al­kyş söz­le­ri­ni be­ýan et­di. Ýe­ri ge­len­de, döw­let­li ojak­lar­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň tä­sir­li geç­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Ka­ka et­rap Ge­ňe­şi­niň we­kil­le­ri­niň aý­ra­tyn ta­gal­la eden­dik­le­ri­ni ag­za­mak ge­rek.

Beg­li Mäm­me­dow,
TMÝG-niň Ka­ka et­rap Ge­ňe­şi­niň gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň mü­di­ri.
Beýleki habarlar