DIL ÖWRENMEKDE TEHNOLOGIÝANYŇ ARTYKMAÇLYKLARY

6 Maý 2024
227

Häzirki zaman jemgyýetçilik we ynsan durmuşyny tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin. Döwrebap tehnologiýalar we tehnikalar adamzat durmuşyna şeýle bir çuň aralaşdy welin, sanly we maglumat tehnologiýalarsyz ynsan özüni jemgyýetden üzňeleşýän, döwürden, ösüşden yzda galýan ýaly duýgyny başdan geçirýär.

Dünýä jemgyýeti ösüşiň täze tapgyrynda diňe tehnologiýalara we innowasiýanyň soňky gazananlaryna daýanýar. Kämil kompýuter tehnologiýalary maglumat akymlarynyň jemgyýetde tiz ýaýramagyny  üpjün  edýär  we  ägirt  uly   maglumat  giňişligini emele  getirýär. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir. Çünki, islendik jemgyýetiň, döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.

Gaýgysyz DÖWLETOW
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy
Beýleki habarlar