TÜRKMENISTANYŇ HARYTLAR WE HYZMATLAR BAZARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARY

3 Maý 2024
236

Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn strategiýasy döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli usullarynyň biri bolup, ol durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýakyn, orta we uzak möhlete niýetlenen birnäçe maksatnamalaryň hereket etmegi geljekki ösüş ugurlarymyzyň takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly kesgitlenendigine güwä geçýär. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeler kabul edilen we täze kabul edilýän ähli maksatnamalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Dünýä ösüşinde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, beýleki döwletler bilen özara baglanyşygyň has-da güýçlenýän, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şeýle çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetiň ösüş depginini durnukly saklamak meselesi gün tertibiniň wajyp meseleleriniň biri bolup, bu ýagdaý tiz ornaşdyrmaga ukyply bolan usullaryň, çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär. Bu milli ykdysadyýeti döwrüň çagyryşlaryna laýyklykda dolandyrmagyň inkär edip bolmaýan şertleriniň biridir. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda häzirki ösüş tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatlary netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna, gurallaryna, serişdelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Belli bir maksat bilen işlenip taýýarlanýan milli maksatnamalar häzirki zaman ösüşiniň durmuş-ykdysady häsiýetli meselelerini çözmegiň usuly hökmünde peýdalanylýar. Şu nukdaýnazaryndan ugur alyp,  ýurdumyzda harytlar we hyzmatlar bazaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Döwran JUMAÝEW
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Döwlet dolandyryş» magistrlik okuw ugrynyň talyby.
Beýleki habarlar