«GYZGALAMY» «GYZYLGALA»?

6 Maý 2024
234

Halk arasynda şeýle rowaýat bar: gadym zamanlarda gür baglyga beslenen gözel künjekde iki sany köşk ýerleşipdir. Ol köşkleriň ulusynda durmuşa çykmadyk gyzlar, kiçisinde bolsa öýlenmedik ýigitler ýaşapdyr. Ýaş ýigitlere gapdalyndaky köşkde ýaşaýan gyzlara öýlenmek üçin ýörite şert goýlupdyr. Kiçi köşkde ýaşaýan ýigitleriň haýsysynyň zyňan almasy gyzlaryň galasyna düşse, şol ýigit islän gyzyna öýlenip bilipdir. Almany zyňyp, köşge ýetirip bilen bolmansoň bu işi başarmagyň başga usullaryny gözlemäge girişipdirler. Ahyry ýigitler täze bir esbaby-sapany oýlap tapypdyrlar. Sapanyň kömegi bilen atylan almalar köşge düşüpdir we ýaşlar maksat-myratlaryna gowşupdyrlar.

Rowaýatda ady agzalan galalaryň biri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda ýerleşýän Uly Gyzgalanyň gasynly bezegleriniň gelip çykyşy, nähili maksat bilen haçan bina edilendigi barada dürli çaklamalar öňe sürlüpdir. 1997 ― 2007-nji ýyllarda ýörite Maksatnamasynyň çäginde Uly Gyzgalada ylmy-gözegçilik işleri geçirildi.

Merdan BEKMYRADOW
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar