"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Magtymguly — halkyň beýik danasy

Halkymyzyň hakydasynda paýhaslar mülküniň şasy bolup ýaşaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň pähimlerini nesillerimiz aýratyn hormat goýup sarpalaýar. Şahyryň watançylyk, ahlak päkligi, söýgi, mertlik, gahrymançylyk, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk ýaly terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary biziň günlerimizde hem tämiz owaz bolup ýaňlanýar. Bu owaz häzirki döwürde müň dürli öwüşgin bilen şöhle saçyp, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halky dana şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny aýdyma, dillerde dessana, ýüreklerde nagşa, köňüllerde keşdä öwürýär. Şahyryň şanyna ýazyjy-şahyrlarymyz ençeme kitaplary, goşgulary, ylmy işleri ýazsa, bagşylarymyz onuň goşgularyny aýdyma öwrüp aýdýarlar. Suratkeşlerimiz ençeme suratlardyr, portretleri, heýkeltaraşlarymyz dürli heýkelleri, halyçy gelin-gyzlarymyz ençeme köňül nagyşlary bilen nusgawy halylary döretdiler.

Watan hakyndaky müdimi owaz

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlary şöhlelenýär, şahyr pikirimizdäki ähli zatlary şygra geçiripdir diýip aýdylmagy asyrlaryň dowamynda ykrar edilen hakykatdyr. Şahyryň döredijiliginde beýan edilýän gadymy Kesearkaç hem-de Kesearkajyň belli menzil-mekanlary, aýry-aýry şahsyýetler hakyndaky goşgy setirleri hem şony subut edýär. Magtymguly Pyragynyň: Magtymguly aýdar, bu ne hekaýat,Il bary alymdyr, tutmaz nesihat,Asmandan inipdir Zemine apat,Isa, Mäti, Mälik Aždar görünmez —

Söz manysy

Begeýik Begeýik, esasan, ýanly köýneklerde goýlupdyr. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde ol «Türkmen aýal geýimleriniň, köýneginiň, çabydynyň ýeňi bilen ýanynyň birigýän ýerine — goltugyň aşagyna tikilýän başga reňkdäki üçburç mata» diýlip düşündirilýär.

Türkmeniň gyrmyzy dony

Ene-mamalarymyzyň el işleriniň, döreden nepis önümleriniň her biriniň öz taryhy, olaryň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly rowaýaty bolup, olar nesilden-nesle, dilden-dile geçip gelipdir. Türkmeniň gyrmyzy donunyň döreýşi barada-da halkymyzyň arasynda gyzykly rowaýat aýdylýar.Onda beýan edilişine görä, gadym döwürde bir adamyň dört ogly we bir gyzy bar eken. Erkek doganlary uýasyny örän gowy görýän ekenler, sebäbi ol gaty terbiýeli, akylly, eli çeper gyz bolupdyr. Onuň ady Gyrmyzy eken. Dört erkek doganyň arasynda ýeke gyz bolansoň, Gyrmyzy diňe el işlerine güýmenmek bilen çäklenmän, eýsem, doganlarynyň yzyna eýerip, olaryň pişelerini — at münmek, gylyç oýnatmak, aw-şikär etmek ýaly başarnyklaryny hem öwrenipdir. Gyrmyzy bir gün goýy gyzyl reňkli çabytlyk mata dokap, ondan özüne çabyt tikinýär. Oňa «alma gül» nagşyny salýar. Soňra don tikinip, onuň gyrasyna jähek tutupdyr. Ejesi gyzynyň tikinen geýimleriniň biri-birine meňzeş däldiginiň sebäbini soranda ol:

Ýaşlaryň döredijiligi

Mukaddes kitap («Atamyň gürrüňlerinden» ýatlamalar toplumyndan)

Janpena

Jarçy toý mähellesini göreş meýdanyna çagyrdy. Döwräniň sesýetim aňyrsynda agyl doly baýrak goýlan mal-garalar dyknyşyp durlar. Güýz aýlarydy, howanyň birazajyk çigregi bardy. Ýöne, ýagyş-ýagmyr ýok, tüýs göreşli günüň howasy. Günortan başlanan göreş giç öýläne çenli dowam etdi. Oňa deňiç men hem iki gezek orta çykyp, ikisinde-de ýykdym. Şeýdip, göreşi soňlaberipdik. Şol wagt çanakçy göreşiň baş pälwanyny yglan edýän «ahyr tabagy» alyp, orta çykdy. Ol: — Toýuň «ahyr tabagyny» Rahman pälwan aljakdyr. Ol şu ýerli Kerimberdi pälwan bilen tutluşjakdyr-la ho-ow — diýip, süýkdürip ugrady. Bu habary töwerek-daşymdakylar hem alyp göterip:

Watan

Watan, seniň gül jemalyň göremde,Buýsanç owaz edýär ýürek tarymda.Adyňdan tanaldym baran ýerimde,Biwatan bolmadym seniň baryňda. Perzendiň men, ýaýnap ýyly goýnuňda,Ömür salym geçdi eýýäm ýetmişden.Uzak ýoluň bergisi bar boýnumda,Dilgir däl men, gürrüň etsem geçmişden.

Magtymgulynyň şygryýetinde paýhas akymy

Şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen diliniň, milli edebiýatymyzyň ruhy baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz beýik akyldarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. oglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň ömri-döredijiligini has çuňňur öwrenmek we dabaralandyrmak maksady bilen ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen gymmatly eserleriniň many-maňyz aýratynlygy seljerilýär. Şol aýratynlyklaryň hatarynda şahyryň şygyrlarynda edebi usullaryň biri hökmünde psihologizmi ulanandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Tymsallar

Çözgüt Bir sapar geljekki matematik Jorj Dansig professor Neýmanyň sapagyna 20 minut gijä galyp gelipdir. Talyp öýe berlen işdir öýdüp, tagtada ýazylgy iki meseläni depderine gyssagly göçüripdir. Ol öýde şol meseleleri birnäçe sagadyň içinde çözüp, ertesi çözgütlerini professora getirip beripdir. Birnäçe hepdeden soňra professor gijäniň bir wagty talybynyň öýüne kürsäp giripdir hem-de oňa matematikada ozal çözgüdi tapylmadyk meseleleri çözendigini düşündirmäge başlapdyr. Görlüp oturylsa, Jorja bary-ýogy iki sagadyň içinde matematikleriň müňlerçe ýyllaryň dowamynda ejir çeken iki meselesini çözmek başardan ekeni. Sebäbi Jorj Dansig bu meseleleri çözmegiň mümkin däldigini bilmeýärdi.

Ussadyň şanyna dikeldilen heýkeller

Sungat eserleri ynsany ýaşatmaly. Göreniňde, sözüň güýji bilen düşündirip bolmaýan duýgulary ýüregiňe guýmaly. Sungatyň dilinde söýläp, beýan edýän şahsyýetini, taryhy döwrüni, wakasyny ynsanyň hyýalynda janlandyrmaly. Ine, heýkeltaraşlyk eserleriniň maksady hem şundan ybarat. Diýmek, heýkeltaraş şu maksada gulluk etmeli. Bu şeýle bolan ýagdaýynda hakyky sungat eseri öz öňünde goýan maksadyna ýetýär. Şahsyýeti, taryhy döwri we wakany ebedileşdirýär. Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şanyna dikeldilen heýkeller munuň subutnamasy... Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirmekde heýkeltaraşlaryň bitiren işleri abyrsyz. Olaryň arasynda türkmenlerem bar, daşary ýurtlularam. Şolardan W.Popow, W.Wysotin, W.Kutumow, A.Abramow, A.Şetinin, S.Artykmämmedow, B.Esengeldiýew, B.Atdaýew, M.Seýitmyradow, M.Nurymow, B.Annamyradow, G.Ýarmämmedow, S.Babaýew ýaly heýkeltaraşlaryň, arhitektorlaryň adyny hormat bilen aýtmak bolar. Sungaty hem-de edebiýaty öwrenijileriň berýän maglumatyna görä, akyldaryň ilkinji heýkeli 1956-njy ýylda A.Abramow tarapyndan döredilipdir. Şahyr ýürekli Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan,

Ýazyjyly ýatlamalar

Ömür menzilimde ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesi bilen didarlaşmak, söhbetdeş bolmak, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Şeýle pursatlar hiç wagt ýatdan çykmaýan eken. Olaryň ýadygärlik ýazgy ýazyp beren kitaplaryny bolsa gymmatbahaly sowgat hökmünde aýap saklaýaryn.*  *  *1982-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça mugallymlaryň iki hepdelik okuwy guraldy. Şol okuwyň ýolbaşçysy Gözel Rahmanowa okuwa gelen bilim işgärleri bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesowyň duşuşygynyň boljakdygyny mälim etdi. Bellenen güni şahyr duşuşyga geldi. Kerim aga bilen alşylan sorag-jogap has-da gyzykly boldy. Şonda mugallymlaryň biri şahyra şeýle sowal berdi: — Kerim aga, siziň «Ýazmasy agyr düşen goşgy» diýen örän meşhur eseriňiz bar. Şondaky beýan edilýän waka, hakykatdanam, durmuşda bolan wakamy ýa döredijilik toslamasymy?

Şygryýet

DANA MAGTYMGULY,BEÝIK ARKADAG Bagta barýar bu ýyllaryň akymy,

Rubagylar

Ak urpakly mele çölümdir Watan, Onuň bilen birdir bu janym, bu ten.

Lukmanyň häsiýeti nähili bolmaly?!

Lukman öz häsiýetine görä, akyl-paýhasly, sypaýy, hoşgylaw hem ynsanperwer bolmaly. ***

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

GANT BILEN ÇAÝ IÇÝÄN Ir döwürlerde Han däde pahyr irden işe gitjek bolup durka, gelnejemiz Han dädä ýüzlenip:

ÄLEME ÝALKYM SAÇAN ÝYLDYZLAR

Edebiýat älemindäki ýalkym saçýan ýyldyzlaryň içinde käbir tarapdan meňzeşligi bilen, özgelerden saýlanýan iki sany nurana ýyldyz bar. Olar bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy bilen, Russiýanyň beýik şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkindir. Olaryň käbir garaýyşlarydyr eserlerindäki özara meňzeşlikleriň täsinligi seni özüne çekýär. Magtymguly Pyragy öz adynyň ilden-ile, dilden-dile düşüp ýazan eserleri bilen ebedi ýaşajakdygyny goşgularynyň dürli setirlerinde welilik bilen aýdan bolsa, ol barada A.S.Puşkin hem “Ýadygärlik gurdum” ýa-da, “Meniň epitafiýam” ýaly goşgularynda özüniň unudylman gaýta Russiýada we ondaky özge halklaryň dilinde-de gepbaşy bolup ýatlanjagy aýdylan. Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” atly goşgusy bilen, Puşkiniň “Pygamber” diýen goşgusy has hem meňzeş mazmunda ýazylan. Olaryň ikisi hem özleriniň asmana äkidilşi we özlerine Alla tarapyn ylham berlip, hakdan halatly boluşlary barada ýazypdyrlar. Bu iki eser örän täsin.

Halkyň hazynasyndan

GOŇŞULAR Ýaz geldigi babama kömekçi bolup, ekin meýdanyna gämige gatnaýarys. Çöl tarapdan öwüsýän päkize şemal, ýaşyl begres geýen meýdan, öz dilinde bir zatlar gürrüň berýän torgaýlar göwnüňi göterýär.

«Magtymguly - söz ummanynyň ägirdi» atly bäsleşige

Hakyň bize sary nazar saldygy,Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi.Şygryýet älemniň baky ýyldyzy, Magtymguly – söz ummanynyň ägirdi.

Magtymguly sözlär tili türkmeniň

Gudrat görjek bolsaň, daglara bar diýleni. Halkymyz tebigatyň bezegi bolan örküç-örküç daglaryň hakyň keramatyndan dörändigine tüýs ýürekden ynanýar. Ýöne şol daglaryň keremine kerem, gözelligine gözellik goşmak ynsanyň paýhasyna bagly. Daglaryň ykbalyny, halkyň ykbalyny özgerdip bilýän ynsan bolsa edil şol gojaman daglaryň özi kimin beýik, halkyna, il-gününe, ýurduna berlen ynsan bolmaly. Owal-ahyr şeýle beýik ynsanlary, taryhy şahsyýetleri döreden gadymy hem-de müdimi halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene bir beýik işi bilen dünýä nusga bolmagy başardy. Ol hem Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda kükräp gelen baharyň nurana günlerinde, has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda merjen paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy boldy. Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen

Narmyradyň bagy (Hekaýa)

Täze jaýa göçüp gelenimize özümizem begendik welin, hemmämizden köp begenen kakam boldy. Her bir otaga girip, esli salym synlap: «Tüweleme, bolawersin, nesip etsin!» diýip gaýtalaýardy. Ol derrew oba gidip, jaýymyzyň daş-töweregine miweli, saýaly nahallary oturtmak bilen boluberdi. Nahal oturtmaga menem kömekleşdim. Köçe tarapymyza arça, ak söwüt, tut ýaly saýaly baglaryň nahallaryny, howlyň içindäki ýerimize bolsa erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny oturtdyk. Ataly-ogul bolup günortana çenli işläp, bag oturtmak işimizi birýan ýüzli etdik. Onsoň günortanlyk edinmäge oturdyk. Adam garrasa, çaga ýaly bolýar diýýärler, şol dogry bolmaly. Şu öýe göçüp gelelimiz bäri kakamyň keýpi kök. Häzirem çaý başynda: — Şuny oňardyk, ine, aňyrsy üç-dört ýyldan nahallar ýetişip, miwe berip başlar. Saýasynda oturyp, çaý içeris. Özem men bu erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýörite Narmyradyň bagyndan saýlap alyp gaýtdym. Ynha, görersiňiz, iri-iri tagamly erikleri bolar — diýip, kakam öz eden işinden kanagatlanýandygyny aýtdy.