Magtymguly — halkyň beýik danasy

5 Iýun 2024
157

Halkymyzyň hakydasynda paýhaslar mülküniň şasy bolup ýaşaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň pähimlerini nesillerimiz aýratyn hormat goýup sarpalaýar. Şahyryň watançylyk, ahlak päkligi, söýgi, mertlik, gahrymançylyk, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk ýaly terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary biziň günlerimizde hem tämiz owaz bolup ýaňlanýar. Bu owaz häzirki döwürde müň dürli öwüşgin bilen şöhle saçyp, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmen halky dana şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyny aýdyma, dillerde dessana, ýüreklerde nagşa, köňüllerde keşdä öwürýär. Şahyryň şanyna ýazyjy-şahyrlarymyz ençeme kitaplary, goşgulary, ylmy işleri ýazsa, bagşylarymyz onuň goşgularyny aýdyma öwrüp aýdýarlar. Suratkeşlerimiz ençeme suratlardyr, portretleri, heýkeltaraşlarymyz dürli heýkelleri, halyçy gelin-gyzlarymyz ençeme köňül nagyşlary bilen nusgawy halylary döretdiler.

Jennet HALLYÝEWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar