Narmyradyň bagy (Hekaýa)

4 Iýun 2024
139

Täze jaýa göçüp gelenimize özümizem begendik welin, hemmämizden köp begenen kakam boldy. Her bir otaga girip, esli salym synlap: «Tüweleme, bolawersin, nesip etsin!» diýip gaýtalaýardy. Ol derrew oba gidip, jaýymyzyň daş-töweregine miweli, saýaly nahallary oturtmak bilen boluberdi. Nahal oturtmaga menem kömekleşdim. Köçe tarapymyza arça, ak söwüt, tut ýaly saýaly baglaryň nahallaryny, howlyň içindäki ýerimize bolsa erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny oturtdyk. Ataly-ogul bolup günortana çenli işläp, bag oturtmak işimizi birýan ýüzli etdik. Onsoň günortanlyk edinmäge oturdyk. Adam garrasa, çaga ýaly bolýar diýýärler, şol dogry bolmaly. Şu öýe göçüp gelelimiz bäri kakamyň keýpi kök. Häzirem çaý başynda:

— Şuny oňardyk, ine, aňyrsy üç-dört ýyldan nahallar ýetişip, miwe berip başlar. Saýasynda oturyp, çaý içeris. Özem men bu erik, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýörite Narmyradyň bagyndan saýlap alyp gaýtdym. Ynha, görersiňiz, iri-iri tagamly erikleri bolar — diýip, kakam öz eden işinden kanagatlanýandygyny aýtdy.

Kemal SABYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar