Magtymguly sözlär tili türkmeniň

4 Iýun 2024
351

Gudrat görjek bolsaň, daglara bar diýleni. Halkymyz tebigatyň bezegi bolan örküç-örküç daglaryň hakyň keramatyndan dörändigine tüýs ýürekden ynanýar. Ýöne şol daglaryň keremine kerem, gözelligine gözellik goşmak ynsanyň paýhasyna bagly. Daglaryň ykbalyny, halkyň ykbalyny özgerdip bilýän ynsan bolsa edil şol gojaman daglaryň özi kimin beýik, halkyna, il-gününe, ýurduna berlen ynsan bolmaly. Owal-ahyr şeýle beýik ynsanlary, taryhy şahsyýetleri döreden gadymy hem-de müdimi halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene bir beýik işi bilen dünýä nusga bolmagy başardy. Ol hem Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda kükräp gelen baharyň nurana günlerinde, has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda merjen paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy boldy.

Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar