Janpena

5 Iýun 2024
129

Jarçy toý mähellesini göreş meýdanyna çagyrdy. Döwräniň sesýetim aňyrsynda agyl doly baýrak goýlan mal-garalar dyknyşyp durlar. Güýz aýlarydy, howanyň birazajyk çigregi bardy. Ýöne, ýagyş-ýagmyr ýok, tüýs göreşli günüň howasy. Günortan başlanan göreş giç öýläne çenli dowam etdi. Oňa deňiç men hem iki gezek orta çykyp, ikisinde-de ýykdym. Şeýdip, göreşi soňlaberipdik. Şol wagt çanakçy göreşiň baş pälwanyny yglan edýän «ahyr tabagy» alyp, orta çykdy. Ol:

— Toýuň «ahyr tabagyny» Rahman pälwan aljakdyr. Ol şu ýerli Kerimberdi pälwan bilen tutluşjakdyr-la ho-ow — diýip, süýkdürip ugrady. Bu habary töwerek-daşymdakylar hem alyp göterip:

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar