ÄLEME ÝALKYM SAÇAN ÝYLDYZLAR

5 Iýun 2024
118

Edebiýat älemindäki ýalkym saçýan ýyldyzlaryň içinde käbir tarapdan meňzeşligi bilen, özgelerden saýlanýan iki sany nurana ýyldyz bar. Olar bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy bilen, Russiýanyň beýik şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkindir. Olaryň käbir garaýyşlarydyr eserlerindäki özara meňzeşlikleriň täsinligi seni özüne çekýär.

Magtymguly Pyragy öz adynyň ilden-ile, dilden-dile düşüp ýazan eserleri bilen ebedi ýaşajakdygyny goşgularynyň dürli setirlerinde welilik bilen aýdan bolsa, ol barada A.S.Puşkin hem “Ýadygärlik gurdum” ýa-da, “Meniň epitafiýam” ýaly goşgularynda özüniň unudylman gaýta Russiýada we ondaky özge halklaryň dilinde-de gepbaşy bolup ýatlanjagy aýdylan. Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” atly goşgusy bilen, Puşkiniň “Pygamber” diýen goşgusy has hem meňzeş mazmunda ýazylan. Olaryň ikisi hem özleriniň asmana äkidilşi we özlerine Alla tarapyn ylham berlip, hakdan halatly boluşlary barada ýazypdyrlar. Bu iki eser örän täsin.

Beýleki habarlar